Ï Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1166
Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde türkmen-şweýsar işewürler forumy geçirildi. Bu çäre hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy.

Şweýsariýa tarapyndan foruma bu ýurduň nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demir ýol gurluşygy we kommunikasiýa ulgamlarynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we maýa goýum babatynda amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýän “Açyk gapylar” syýasatyna syn berildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hatarynda ýurdumyzda nebitgaz, dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan şweýsar kompaniýalary hem bar.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Şweýsariýa eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu duşuşyk iki ýurduň ykdysady hem-de telekeçilik işjeňligini giňeltmegiň ýollaryny seljermek, döwlet we işewürler düzümleriniň wekilleriniň arasynda söwda, maýa goýumlar hem-de ykdysady goşulyşmak üçin özara bähbitli şertler barada pikir alyşmak üçin netijeli çäre boldy.