Ï Köpetdag» we «Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda ilkinji utuklaryny gazanyp bilmediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpetdag» we «Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda ilkinji utuklaryny gazanyp bilmediler

view-icon 3873
Köpetdag» we «Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda ilkinji utuklaryny gazanyp bilmediler

Türkmenistanyň futbol çempionatynda wagty üýtgedilen 5-nji tapgyryň çäginde 1:1 hasaby bilen deňe-deň oýnap, «Köpetdag» we «Ahal» toparlarynyň futbolçylary ilkinji utuklary elden giderdiler. Duşuşyk köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirildi.

Oýnuň 11-nji minutynda Begenç Akmämmedow jerime urgusyny amala aşyrmak bilen, «Köpetdag» toparyny öňe saýlady – 1 : 0. Şondan 6 minut soň, «Ahal» toparynyň kapitany we AFK Kubogy-2021-iň saýlama oýunçysy Elman Tagaýew urgy terzini üýtgetmek bilen, hasaby deňleşdirdi.

Bu oýunda Özbegistanyň çempionatynda birnäçe möwsüm oýnap gelen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow «Ahal» toparynyň düzüminde ilkinji gezek çykyş etdi. Ozal habar berlişi ýaly, 31 ýaşly tanymal ýarymgoragçy şu ýylda özara ylalaşyk esasynda, Özbegisyanyň «Sogdiana» topary bilen şertnamasyny ýatyryp, «Ahal» bilen täze şertnama baglaşdy.

Milli çempionatyň indiki oýnunda «Ahal» 25-nji oktýabrda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny kabul eder, «Köpetdag» bolsa 26-njy oktýabrda «Aşgabat» bilen duşuşar.


«AA»-nyň habarçysy

Surat: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky