Ï Frontda-da, sportda-da tapawutlanan Ýusup Berdiýew
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Frontda-da, sportda-da tapawutlanan Ýusup Berdiýew

view-icon 4411
Frontda-da, sportda-da tapawutlanan Ýusup Berdiýew

Türkmen gyzymyz Polina Gurýewanyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda şowly çykyşy ýaşlaryň ençemesinde sport bilen meşgullanmaga höweslerini has-da artdyrdy. Garaşsyz Türkmensitanyň taryhynda ilkinji kümüş Olimpia medaly sport muşdaklarynda sport taryhyna uly gyzyklanma döretdi.

Sportuň dürli görnüşlerinde çempionlaryň ençemesi ýatlanyldy. Olaryň arasynda Aziýa we dünýä çempionatlarynda, Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazananlary, aýratyn hem dünýäniň birnäçe gezek çempiony agyr atletikaçy Altymyrat Orazdurdyýewiň, 1960-njy ýyldaky Rim Olimpiýa oýunlarynda nyşana ok atmakda kümüş medal eýelän Marat Nyýazowyň, gaýykda kürekläp ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony Wladimir Morozowyň atlary agzaldy.

Sport janköýerleriniň has yhlaslylary ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa çempiony, ady köpe näbelli türgeni ýatladylar. Olaryň biri onuň gimnastikaçy bolandygyny, beýlekisi adynyň ýa Ýusup, ýa-da Iosifdigini, ýöne familiýasynyň welin Berdiýewdigini agzaýardylar.

Internetden, köne gazetlerden, sport taryhyna beletlerden soraşyp, onuň Ýusup Berdiýewdigini anykladyk.

Türkmen taryhçysy Öwez Gündogdyýew ilkinji bolup Berdiýewiň hakyky adyny anyklady. Ol özüniň 1992-nji ýylda neşir edilen «Teke atly polky» kitabynda: «Ilkinji türkmen olimpiýa çempiony Ýusup Kakajanowiç Berdiýewiň kakasy praporşik Kakajan Berdiýew. Ýusup täzeden başlanan repressiýalar zerarly adyny üýtgedip, Iosif Konstantinowiç Berdiýew diýip ýazdyrýar» – diýip ýazýar.

Ýusup 1924-nji ýylda Poltaraskide (Aşgabatda) dogulýar. Onuň kakasynyň asly Mary welaýatyndan bolmaly.

Ýusup Kakajanowiçiň çagalyk döwri we uruşdan öňki durmuşy barada maglumat saklanmadyk bolsa-da, onuň Beýik Watançylyk urşy döwründäki edermenlikleri arhiwlerde anyk beýan edilipdir. Ine, şular onuň front terjimehalynyň üç güni barada:

-1945-nji ýylyň 6-njy aprelinde ýoldaş Berdiýew aňtawy dürs gurap, pyýada goşunyň hatarynda öz batareýasynydan ot açyp, duşman pulemýotlaryny ýok etdi;

-1945-nji ýylyň 7-nji aprelinde Wilkiniň töwereginde Berdiýew toplary bilen duşmanyň garşylykalýyn hüjümini serpikdirdi, olaryň topuny we nemes esgerleiniň 20-sini ýok etdi;

-1945-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moditen obasynyň töwereginde Berdiýew duşmanyň çagba kimin ýagdyrýan oklarynyň astynda öňe süýşüp, goşunymyzyň öňe gitmegine päsgel berýän toplarynyň üstüni açdy we olary ýok edip, pyýada goşunymyza ilatly ýere kürsäp girmäge mümkinçilik döretdi.

1945-nji ýylyň aprelinde artilleriýa polkunuň batareýa serkerdesi uly leýtenant Berdiýew Kenisberge aýgytly hüjümde görkezen edermenligi üçin Gyzyl Ýyldyz ordeni bieln sylaglanýar.

Ol beýlekilerden berk saglygy, ykjamlygy we syrdamlygy bilen saýry gelýärdi. Muňa uruşdan öň Aşgabatda gimnastika bilen meşgullanmagy täsir edipdi. Berdiýew şol döwür Türkmenistanyň paýtagtynyň, hat-da Moskwanyň dinamoçylarynyň hatarynda çykyş edýärdi. Ol Leningradyň (Sankt-Peterburgyň) Bedenterbiýe we sport harby institutynyň ýanyndaky Tälimçiler ýokary mekdebine girip, ony 1954-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

1952-nji ýylda Helsinkide geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň öň ýanynda ony eliňi diräp bökmekde iň güýçli türgenleriň biri hökmünde ýurduň ýygyndy toparyna alýarlar.

Helsinkide ilkinji altyn medaly ýurt üçin gimnastikaçylar eýeläpdiler. Ýusup Berdiýewe 1952-nji ýylyň 21-nji iýunynda «Messuhalli» giň sergi zalynda ilkinji bolup çykyş etmek miýesser edýär. Ol özüne ynanylan wezipä aňryýany bilen hötde gelýär. Netijede gimnastikaçylar topary şol wagtky dünýä çempionlary bolan şweýsariýalylardan öňe geçip, ХV Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolýarlar.

Helsinkiden soňam Berdiýew uzak wagtlap sport bilen meşgullandy. Soňra sport klubunyň başlygy wezipesinde işläp, Kiýewiň inžener-gurluşyk institutynyň talyplaryna tälim berýär. Tanymal gimnastikaçy 1992-nji ýylda aradan çykdy.

«AA»-nyň habarçysy