Ï Türkmenistanyň Halk artisti Öwez Gelenow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk artisti Öwez Gelenow

view-icon 17418
Türkmenistanyň Halk artisti Öwez Gelenow

Teatrda 75, kinoda 20 keşp – bu, Türkmenistanyň Halk artisti Öwez Gelenowyň şu günki döredijilik işiniň netijesidir. Özi-de, keşpler diýseň dürli-dürli: gaýgyly we gülküli, oňyn we tersin, juwan we goja. Başgaça aýdylanda, ol – içki asgynjaksyz, köptaraply artist.

– Men çöl-beýewanda doglupdyryn, – diýip, Öwez Gulyýewiç degşip, gürrüň berýär, sebäbi dogduk obam Tutly Gyzylarbatdan (häzirki Serdar) 50 kilometrlikde ýerleşýär. «Tut» sözi tut agajyny aňladýar, ýöne meniň bilşime görä, ol ýerde asla agaç ýokdy. Birnäçe külbe, gara öý we halkyň, düýeleriň we dowaryň suw içýän guýusy bardy. Häzir ol ýerde-de bir zatlar üýtgän bolsa gerek, ýöne geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başlarynda ne radio bardy, ne-de elektrik. Agşamlaryna gara öýde üýşýärdik, ortarada ot ýanýardy, onuň ajy tüssesi gözüňi ýaşardyp, bokurdagyňy gijedýärdi. Şol döwürde-de içimde çeperlikden bir zatlar bardy: aýdyma hiňlenen bolup, töweregime «tomaşaçylary» üýşürerdim.

Dört ýaşym dolanda, ejem ýalbara-ýakara, kakamy Gyzylarbada göçmäge yrdy. Tutludan soň Gyzylarbat uzak obadan gelen çaganyň gözünde ägirt uly şäher ýalydy. Bu ýerde köp adam ýaşaýardy, otlular geçýärdi. Bir gezek Medeniýet öýüne Opera we balet teatrynyň artistleri geldi. Şäher halkyna üç opera: «Şasenem – Garyp», «Zöhre – Tahyr», «Kemine we Kazy» hödürlendi. Ejemi petek almaga yrdym. Afişada ejem doganoglanynyň, Türkmenistanyň halk artisti, dirižýor Hydyr Allanurowyň adyny görüp, gapyda duran gözegçä ýüzlendi, bize içerik girmäge rugsat berdiler. Ejem garyndaşymyz bilen gürleşip otyrka, men perdeleriň arkasyna seredip, aňk boldum. Nähili gözellik – sahna bezegi, goş-golaň, geýimler, grimlenýän aktýorlar. Men bu ajaýyp dünýä aşyk boldum, hut şol pursatdan-da artist bolmak islegi tutaşyp başlady.

Mekdepde iň halaýan dersim aýdym sapagydy. Tagta çykyp, radioda eşiden aýdymlarymy aýdardym. Dördünji synpda Bilbil Mämmedow bilen dostlaşdym (häzir ol meşhur režissýor). Ol dutary gowy çalýardy, menem aýdym aýdardym. Soň bolsa gülküli sahnajyklar döredip, ýerine ýetirip başladyk. Mekdepdäki çeper höwesjeňligiň hemmesi diýen ýaly bize degişlidi. Bizi Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňligine çagyrdylar, Bilbil bilen düzen çykyşlarymyz konsert maksatnamasyna goşuldy. Soň bolsa golaý-goltumdaky ilatly ýerlere sapara ugradyk. Wagon abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylarynyň sowgat beren plaskart wagonynda uzak bolmak kynrakdy, ýöne Bilbil ikimiz tigirli syýahatda we täze tomaşaçylaryň öňünde edýän çykyşlarymyzda romantika tapýardyk.

Ýokary synpdakam, deň-duşlarymyň köpüsi ýaly, menem goşgy ýazyp başladym. Meni muňa Aman Kekilowyň goşgy bilen ýazan «Söýgi» romany höweslendirdi. Elbetde, şahyrlyk zehinim roman derejesine ýetmedi, ýöne üç goşgymyň sözlerine saz ýazyldy, özem bu aýdymlar häzirem höwes bilen aýdylýar. Bular: «Döneýin», «Meňzeýäň», «Ykbalym» aýdymlarydyr. Ýene bäş aýdymym bar, ýöne olar köpçülik üçin däl.

1968-nji ýylda Moskwa sungat teatrynyň ýanyndaky M. S. Şepkin adyndaky teatr mekdebine okuwçy alynýardy. Bilbil ikimizem girdik. Bu, söz bilen beýan edip bolmajak bagtdy. Bäş ýyl Moskwada, onsoň biz, Gyzylarbatly oglanjyklar hakyky artist bolarys!

Moskwadan elimiz gyzyl diplomly gaýdyp geldik. Ýyldaşlarymyzyň käbirini Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatryna işe bellediler, käbirlerini bolsa –Aman Gulmämmedowyň adyny göterýän Ýaş tomaşaçylar teatryna. Men ÝTT-e düşdüm we ökünmedim, sebäbi Hommat Müllük, Aman Baýramberdýew, Oguldurdy Mämmetgulyýewa we Moskwada bilim alan başga-da birnäçe adam şol ýerde işleýärdi. Biri-birimiz bilen aňsat düşünişýärdik.

Ilkinji oýnan keşbim Sergeý Mihalkowyň pýesasy esasynda režissýor Baýram Seýdullaýewiň goýan «Sombrero» oýnunda Andriano boldy. Ýüz-gözi düwürtikden doly, çypar saçly ynjyk ýigidi hiç kim mendir öýtmedi. Ýöne oýnumy haladylar.

Soň men, onuň başga bir ýigidi söýýändigini bile-bile, Tawusa aşyk bolan tersin keşbi – Durdyny oýnadym. Durdy barly oglan, şonuň üçin Tawusy özüne yraryn öýdýär. Durdynyň keşbini döretmegiň üstünde işleýärkäm, meniň ýadyma Stanislawskiniň maslahaty düşdi: ýaramaz adamy oýnanyňda, onda nämedir bir gowy zat tap. Men ol Tawusy, hakykatdanam, çyn ýürekden söýýän, ähtimal onuň söýýän ýigidinden-de has güýçli söýýän edip görkezmäge çalyşdym. Netijede, ol tersin gahrymandan betbagt birine öwrüldi oturyberdi, bu bolsa tomaşaçylarda oňa duýgudaşlyk döretdi.

Teatra gelenimden az wagt soňra, meni režissýor Halmämmet Kakabaýewiň «Altynyň reňki» filminde baş keşpleriň birini, çopan Muhammediň keşbini oýnamaga çagyrdylar. Film – ýurdumyzda nebit senagatynyň döreýşi barada. Biz bu filmi Barsagelmez diýilýän ýerde ýaşap, surata düşürdik. Bu meniň kinoda ilkinji çykyşym, Halmämmet Kakabaýew üçin bolsa – diplom işidi. Nebitçileriň arasynda bolup, şolaryň durmuşynda ýaşamak gaty gyzyklydy.

1983-nji ýylda Magtymgulynyň ýyl dönümi giňden bellenilip geçilýärdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Magtymguly Pyragy» pýesasy boýunça oýun goýulýardy. Režissýor Baýram Seýdullaýew meni filmde eýýäm 80 ýaşdan geçen Magtymgulynyň keşbini ýerine ýetirmäge çagyrdy. Men özümiň 33 ýaşymdadygymy aýdyp, «ýaşy boýunça şoňa golaý bolup, bu işiň hötdesinden has oňat gelip biljek artistler barka, näme üçin ony men oýnamaly?» diýen pikir bilen uzak wagtlap razy bolmadym. Režissýor: «Seniň kalbyňda romantika bar. Hommat Müllük bu roly oýnap bilerdi, emma ol keselhanada» diýip, jogap berdi.

Oýnumyň şowsuz boljakdygyna doly ynam bilen sahna çykdym. Indi söýgüli şahyrymyň tekstiniň 40 sahypasyny şeýle bir terzde aýtmalydym welin, tomaşaçylar meniň Magtymgulydygyma ynanmalydylar. Ine, zalda el çarpyşdylar, diňe şonda men ýeňillik bilen dem aldym.

Žurnalistler menden haýsy keşbi has gowy gowy görýändigimi soranlarynda, aljyrajak bolýaryn. Çünki ýaşlygymda bir keşpler ýaraýardy, ýyllaryň geçmegi bilen bolsa – başga birleri.