Ï «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» atly ХХVI Halkara maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» atly ХХVI Halkara maslahaty

view-icon 3736
«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021»  atly ХХVI  Halkara maslahaty

27-nji oktýabrda paýtagtymyzda ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» atly ХХVI Halkara maslahaty öz işine başlar.

Türkmenistanyň dünýäniň nebit-gaz kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen şeýle maslahat her ýyl geçirilýär.

Bu gezekki forumy «Gaffney Cline» Britan kompaniýasynyň goldamagynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmengeologiýa» döwlet konsernleri guradylar.

Maslahata Britan kompaniýasynyň gatnaşmagy tötänden däldir. Käte energetika pudagyna maýa goýumlaryndaky tehniki we telekeçilik nämälimlikler belli bir derejede töwekgelçilik döredýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň hem-de ýerlemegiň ähli tapgyrlarynda girdeji almak üçin bilermenler tarapyndan meýilnamalaşdyryş we dolandyryş barlaglaryny geçirmek talap edilýär. Britan kompaniýasynda bolsa köp ugurdan başarjaň, kärine ussat hünärmenler işleýärler. Mundan başga-da, kompaniýanyň howa zyýanly galyndylary goýbermegi azatlmak üçin tehnologiýalar bilen işlemekde hem tejribesi bar.

Maslahatyň dowamynda milli we halkara nebit kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň hem-de maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda tanyşdyryşlar we mejlisler geçiriler.

Forumdaky çykyşlarda ýangyç-energetika pudagyny ösdürmegiň ählumumy ugurlary, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýum taslamalary, dünýäde iri «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň geljegi, arassa energiýa geçmekde tebigy gazyň tutýan orny ýaly temalaryň we işewür bähbitleriň ençemesi beýan ediler.

Maslahat, şeýle hem nebit-gaz guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki beýleki duşuşyklaryň birnäçesi adaty we onlaýn görnüşde geçiriler.

“Emirates National Oil Company (ENOC)” kompaniýasynyň şahamçasy “Dragon Oil” kompaniýasynyň maslahatyň hemişeki hemaýatkärleriniň biridigini hem aýtmak gerek.

«AA»-nyň habarçysy