Ï Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy-2022 ýaryşynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň dördünji toparynda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy-2022 ýaryşynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň dördünji toparynda çykyş ederler

view-icon 2494
Türkmen tennisçileri  Dewisiň Kubogy-2022 ýaryşynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň dördünji toparynda çykyş ederler

Dewisiň Kubogy ýaryşynda türkmen tennisçileri 2022-nji ýylyň ýaryşynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň dördünji toparynda çykyş ederler. Ol Isa-Taun (Bahreýn) şäherinde geçirilen zolaklaýyn ýaryşyň netijesi boýunça belli boldy, onda 12 ýygyndy III toparda üç orun ugrunda bäsleşdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşa şowly başlady. Mirali Gasanowyň tälim berýän türgenleri Yragyň, Mongoliýanyň we Omanyň ýygyndylaryny 3:0 hasabynda utup, «В» toparda öňe çykdy.

Bijäniň netijesi boýunça «playoff» tapgyrda ildeşlerimiz dünýä tennis görkezijisinde 115-nji orny eýeleýän, Türkmenistanyň ýygyndysy üçin oňaýsyz bäsdeş Birleşen Arap Emirlikleriniň topary bilen duşuşdylar. Olar 2004-2007-nji ýyllarda öz aralarynda 7 gezek duşuşdylar, diňe 2004-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda ildeşlerimiz BAE-li türgenleri 2:1 hasabynda utmagy başardylar.

Bu gezegem çekeleşikli geçen duşuşyk 5 sagada çekdi. 2 sagat 13 minuda çeken birinji duşuşykda Ýuriý Rogusskiý üç setde Hamad Abbas Jahaniden 2:6, 6:4, 2:6 hasabynda ýeňildi. Türkmenistanyň birinji raketkasy Isa Mämmetgulyýew 52 minutda Omar Alawadhini 6:2, 6:0 hasabynda ýeňil utup, hasaby deňledi - 1:1.

Jemleýji duşuşykda BAE-niň kapitany meýdança täze oýunçy Abdulrahman Al Janahi çykardy. Hamad Abbas Jahani bilen Abdulrahman Al Janahi öňe saýlandylar. Ýaryşda bir gezegem utulmadyk Ýuriý Rogusskiý we Isa Mämmetgulyýew hasaby deňlediler. Oýun taý-brege ýetip, hasap 5:6 bolanda türkmenistanlylar birinji set-poýntda utsalaram, hasap 6:6 bolanda welin, ony başarmadylar.

Ikinji setde oýun 3:3 hasaba çenli deň gitdi. Emma BAE-li tennnisçiler üç geým utup, netijede 7:6, 6:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.

2022-nji ýylda Saud Arabystanynyň hem-de Eýranyň ýygyndylary Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar, olar degişlilikde Kambojanyň tennisçilerinden 2:1 hem-de Yragyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.

«AA»-nyň habarçysy