Ï ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy «EUBeachCleanup» çäresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy «EUBeachCleanup» çäresine gatnaşdy

view-icon 6875
ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy «EUBeachCleanup» çäresine gatnaşdy

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy ummany goramak we ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça ählumumy «EUBeachCleanup» çäresine goşulyp, Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Gökdepe etrabyndaky suw howdanyň kenarynda ekologiýa çäresini gurady.

Çärä 40-a golaý adam gatnaşdy, olaryň arasynda ÝB-ne agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, meýletinçiler we ekologiýa işjeňleri bar. Olar ýerli ilatyň arasynda ekologiýa tertibi wagyz etmegi we tebigata aýawly garamagyň wajyplygyny görkezmegi maksat edindiler.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bu ýerden ýygnalan zir-zibilleri ýerli kompaniýalara gaýtadan işlemek üçin ugratdy.

Ýewropa Bileleşigi Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda jemgyýetçiligi daşky gurşawy goramaga gatnaşmaga we plastik, şol sanda deňiz zibilini azaltmak hem-de olaryň öňüni almak boýunça ählumumy tagallalar arkaly ummanlara aýawly garamaga çagyrýar.

Aýjahan Ataballyýewa