Ï «Ahal» Türkmenistan-2021 futbol çempionatynda «Altyn Asyr» bilen ilkinji derbi oýunda ýeňiş gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» Türkmenistan-2021 futbol çempionatynda «Altyn Asyr» bilen ilkinji derbi oýunda ýeňiş gazandy

view-icon 3923
«Ahal» Türkmenistan-2021 futbol çempionatynda «Altyn Asyr» bilen ilkinji derbi oýunda ýeňiş gazandy

«Ahal» FT-yň oýunçylary şu aýda badalga alan Türkmenistanyň çempionatynda «Altyn Asyr» bilen ilkinji derbi oýunda ýeňiş gazandy. Milli birinjiligiň ikinji tapgyrynyň çäginde altyn medal ugrundaky çekeleşiginde esasy bäsdeşi bilen oýny köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirildi we ýurdumyzyň wise-çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy – 3:1.

Duşuşygyň ykbaly, ýaryşdaky wakalaryň görkezişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň derwezesine iki top girende, ýagny oýnuň birinji ýarymynda çözüldi. Ilkinji topy oýnuň 33-nji minutynda AFK-nyň saýlama futbolçysy Elman Tagaýew üýtgedip urmak bilen, öz adyna ýazdy. Birinji ýaryma goşmaça berlen wagtyň üçünji minutynda «Altyn Asyr» toparyň goragçysy Mekan Saparow topy öz toruna geçirdi. Bu, häzirki milli çempionatda öz derwezesine geçirilen ilkinji topdur.

Arakesmeden soň toparlar birek-biregiň derwezesine top geçirdiler. Ilki bilen 55-nji minutda Selim Ataýew bir topy geçirmek bilen, hasaby ýygjamlatdy. Üç minutdan soň bolsa Elman Tagaýew jerime urgusyny ýerine ýetirmek bilen, gutarnykly hasaby etdi – 3:1.

Täze möwsümde ilkinji goşa ýeňşini 4 gol bilen tamamlan E.Tagaýew 2021-nji ýyldaky çempionatda iň köp top geçirenleriň sanawynda birinji orny eýeledi.

«Altyn Asyr» barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň häzirki çempiony ilkinji ýeňlişe sezewar boldy. Bu oýundan soň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri wise-çempiondan 1 utuk yza galmak bilen, öňbaşçylygy «Ahala» (7 utuk) berdi.

Beýlekilerden bir oýny az oýnan Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary 4 utuk bilen üçünji baýrakçy üçlügiň ahyrynda dur. Bu tapgyryň myhmançylykdaky oýnunda deňiz ýakasynyň oýunçylary Balkanyň ýaryşynda «Nebitçi» topary utup bilmedi, hasap – 0:0.

Hut şunuň ýaly hasap Marynyň «Energetik» bilen «Aşgabat» toparlarynyň duşuşygynda-da bellenildi.

Maryda geçen başga bir bäsleşikde «Merw» bilen «Köpetdag» deňme-deň oýnady – 2:2. Oýnuň birinji ýarymyndan soň Begenç Akmämmedowyň (10-njy minut) we Yhlas Saparmämmedowyň (42-nji minut) tagallasy bilen myhmanlaryň 2:0 hasabynda öňe saýlanandyklary bellärliklidir. Şeýle-de bolsa, arakesmeden soň Pirmyrat Gazakow (49-njy) we Amangeldi Saparow (53-nji) ýer eýelerini ýeňlişden halas etdi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyry 1-nji noýabrda «Ahal» – «Energetik», «Şagadam» – «Altyn Asyr» we Köpetdag» – «Nebitçi» arasyndaky oýunlar bilen başlar.

«AA»-nyň habarçysy

Surat Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky