Ï Stambulda türkmen režissýorynyň filmi görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Stambulda türkmen režissýorynyň filmi görkeziler

view-icon 6071
Stambulda türkmen režissýorynyň filmi görkeziler

Režissýor Wepa Işangulyýewiň «Nejep oglan» filmi 8 – 12-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek «Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwaly» atly gözden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi.

Festiwalyň çäginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan we türk dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan barjak kinematografçylar taryhy we häzirki zaman fantastikasy žanrynda surata düşürilen iň oňat eserlerini, resminamalaýyn we multiplikasion filmlerini görkezerler.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Nejep oglan» filmi ilkinji gezek 2020-nji ýylda Aşgabatda görkezilip, gysga wagta köpçüligiň göwnüne ýarady. Dutar sazy bilen göwün hassalygyny bejerýän gudratly güýje eýe bolan ýaş bagşynyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýän adybir gadymy epos alnypdyr.

«Nejep oglan» filmi has ýagty we göwrümli görkezýän 4K formatynda innowasion enjamda düşürildi. Taryhy döwri ygtybarly beýan etmek üçin, kino işgärleri Türkmenistanyň taryhy we mukaddes ýerlerine uzak saparlara gitdiler, şonuň üçin suratyň köpüsi Köneürgençde, Köýtendagda, Lebapda we Daşoguzda tebigy şertlerde surata düşürildi.

Swetlana Çirsowa