Ï Sarymsak ekinine ideg işleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sarymsak ekinine ideg işleri dowam edýär

view-icon 8399
Sarymsak ekinine ideg işleri dowam edýär

Türkmen topragy keremli hem-de bereketli toprak. Bu ýerde bitýän gök-bakja hem-de miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem halk lukmançylygynda giňden ulanylýan, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki kitabynda ady tutulýan we melhemlik häsiýetleri doly açylyp görkezilýän sarymsakdyr.

Sarymsagyň mundan 4 müň ýyl ozal Merkezi Aziýada, Eyranda we Pakistanda ekilendigi, ondan soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrandygy, onuň halak lukmançylygynda giňden peýdalanylandygy barada maglumatlar bar.

Şu oba hojalyk ýylynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarda sarymsagyň 400 gektary ekildi. Ýeri gelende welaýatda sarymsagyň dünýäniň iň kämil sarymsak ekijileriniň kömegi bilen ekilendigini, onuň bolsa ekişi agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmekde we doly gögeriş almakda aýratyn ähmiýetiniň bolandygyny belläp geçmek möhümdir. Sentýabr aýynyň 29-da ekişi tamamlanan we häzirki wagtda gögeriş gazanylyp, kadaly boý alýan bu örän ähmiýetli ekine ideg işleri dowam etdirilýär. Welaýatyň etraplarynda bu ugurda alnyp barylýan işler geljek ýylda sarymsagyň bol hasylynyň kemala getiriljekdigine güwä geçýär. 

Agamyrat Soltanow