Ï Futbol çempionatynda «Ahal» «Altyn Asyr»-dan arany açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol çempionatynda «Ahal» «Altyn Asyr»-dan arany açdy

view-icon 4799
Futbol çempionatynda «Ahal» «Altyn Asyr»-dan arany açdy

«Ahalyň» futbolçylary yzly-yzyna üç ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň çempionatynda öňdäki ornuny berkitdi. Paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçirlen 3-nji tapgyrda Mergen Orazowyň şägirtleri Marynyň «Energetik» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

Resul Hojaýewiň takyk urgusyndan soň, 25-nji minutda Türkmenistanyň wise-çempiony öňe saýlandy. 51-nji minutda Ilýa Tamurkin «Türkmennebitonumleri» Baş müdirligine degişli toparyň utugyny iki topa çenli artdyrdy. Iki minutdan soň myhmanlar Orazmuhammet Işangulyýewiň tagallasy bilen garşydaşlarynyň derwezesine bir pökgi geçirdiler. Şeýle-de bolsa, esasy wagtyň gutarmagyna 12 minut galanda, Pirmyrat Soltanow üçünji topy «Energetigiň» derwezesine salyp, ýeňiş baradaky ähli jedelleri aradan aýyrdy.

Bu duşuşygyň netijesi has-da derbi-dagyn ediji bolup bilerdi. Şeýle-de bolsa, 59-njy minutda myhmanlar jerime meýdançasynda ýer eýeleriniň oýunçysyny ýykanlary üçin berlen jerime urgusyny «Ahal» toparynyň kapitany Elman Tagaýew netijeli peýdalanyp bilmedi. Hasabynda dört pökgi bolup, iň köp pökgi geçirenleriň başynda duran E. Tagaýew pökgini derwezeçiden sowa, sag burça urdy. Eýsem-de bolsa, «Energetigiň» derwezeçisi Batyr Geldiýew jerime pökgüsini uran, AFK kubogynyň ussat futbolçysyna netije gazanmaga ýol bermedi. Bu, häzirki milli çempionatda 11 metrlik jerime urgusynyň derwezä geçirilmedik ilkinji jerime urgusydyr.

Üstünlikli ýeňişden soň «Ahalyň» utuk sany 10-a ýetdi. Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary öňbaşçydan 3 utuk yza galýar, ol öz meýdançasynda «Altyn Asyr»-y ýeňlişe sezewar etdi — 4: 2.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habaryna görä, «Şagadamyň» oýunçysy Nazar Töwekgelow 8-nji minutda hasaby açanam bolsa, bu heniz ýurduň häzirki çempiony üçin utulmak howpundan habar bermeýärdi. 26-njy minutda Merdan Muhadow hasaby deňledi — 1:1. Ýene 6 minutdan Röwşengeldi Halmämmedow «Altyn Asyry» öňe çykardy — 2: 1.

Arakesmä 3 minut galanda, Myrat Ýagşyýew pökgini öz toparynyň toruna salandan soň, oýna ýene-de «deňagramlylyk» aralaşdy — 2:2. Munuň «Altyn Asyryň» oýunçylarynyň, çempionat başlaly bäri, öz derwezelerine uran ikinji pökgi bolandygy bellärliklidir.

Duşuşygyň kimiň peýdasyna tamamlanjagy ikinji ýarymyň ahyrynda, ilki bilen Nazar Töwekgelow 79-njy minutda pökgi geçirenden soň oýnuň esasy wagtyna goşulan 3-nji minutynda Röwşen Begjanow geçiren pökgisi gutarnykly hasabyň «Şagadamyň» peýdasyna 4: 2 boldy.

«Altyn Asyr»-yň yzly-yzyna ikinji şowsuzlygy «Ahala» çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşinden 4 utuk öňe gitmäge mümkinçilik berdi.

Ýaryşyň 8-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky tapgyrynda «Ahal» öz meýdançasynda «Şagadamy», «Altyn Asyr» bolsa «Köpetdagy» kabul eder.

«AA»-nyň habarçysy

Surat Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky