Ï Ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar

view-icon 8874
Ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar

Dünýäniň belli kompaniýalaryndan agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalaryň agrotehniki kadalara laýyklykda öndürijilikli işledilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda daýhanlaryň esasy ýardamçylary bolan kuwwatly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkeg gurallarynyň, ekijileriň bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işi ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Geçen 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 10 aýynda manat hasabyndaky ösüş depgininiň 130-dan gowrak bolmagy kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň 200 – den gowrak görnüşi ýasalýan bu kärhanada 50-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Agamyrat Soltanow