Ï Türkmenistanyň futbol Kubogy-2021 başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol Kubogy-2021 başlandy

view-icon 6228
Türkmenistanyň futbol Kubogy-2021 başlandy
camera-icon
http://tff.com.tm/

Türkmenistanyň 30-njy, baýramçylyk futbol kubogy Aşgabatda, Maryda we Balkanabatda geçirilen oýunlar bilen başlandy.

Şu ýyl ähmiýeti boýunça ikinji hormatly baýragy ugrunda ýokary liganyň 8 topary bäsleşýär. Olaryň üçüsi: «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Kopetdag» – paýtagta, «Balkan» we «Şagadam» toparlary Balkan welaýatynyň degişlilikde Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerine, «Merw» we «Energetik» Mary welaýatyna, «Ahal» bolsa Ahal welaýatyna degişlidir.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berlişine görä, öňki ýaryşlardan tapawutlylykda, bu ýaryşda ýeňiji toparlar iki däl-de, bir oýnuň netijesi boýunça kesgitlener.

Türkmenistan-2021 Kubogy 1/4 jemleýji oýunlar bilen başlandy, geçirilen bije çekişligine laýyklykda, şol oýunlarda «Nebitçi» – «Altyn Asyr», «Aşgabat» – «Ahal», «Merw» – «Şagadam», «Energetik» – «Kopetdag» bilen duşuşdy.

Ýarym finala ilkinji bolup, «Ahal» bilen «Şagadam» çykdylar.

Wise-çempion «Ahal», «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň (29-njy minutda – jerime urgusyndan we 50-nji) geçiren iki topyň netijesinde, «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda utdy. Oýnuň 56-njy minutynda «Aşgabat» toparynyň oýunçysy Röwşen Baýlyýew bir jogap topuny geçirmek bilen bellenildi.

Geçen ýyl ýaryşlaryň bürünç medalyň eýesi «Şagadam» myhmançylykda «Merw» topary 3:1 hasabynda utdy. Bu duşuşygyň ykbaly eýýäm oýnuň birinji ýarymynda, öý toparynyň derwezesine iki top geçirilende aýdyň boldy. Olary 22-nji minutda jerime urgusyny derwezä geçiren Baýramgeldi Nurlyýew bilen Kerim Hojaberdiýew (31-nji) öz hasaplaryna ýazdylar. Arakesmeden soň toparlar birek-biregiň derwezesine bir topdan geçirdiler: deňiz ýakasyndan gelenlerden Resul Mahmudow (66-njy), beýleki topardan bolsa Serdaraly Ataýew (79-njy) tapawutlandy.

Galan iki ýarym finalçy oýundan soňky jerime urgusynda kesgitlendi. Olar paýtagtyň «Kopetdag» we «Altyn Asyr» toparlarydy.

Türkmenistan-2020 Kubogynyň ýeňijisi «Kopetdag» Maryda «Energetik» bilen duşuşdy. 71-nji minutda Yhlas Saparmämmedow myhman toparyny öňe çykardy – 1:0. Esasy wagtyň tamamlanmagyna dört minut galanda, Muhammet Işangulyýew hasaby deňledi – 1:1. 11 metrlik jerime urgular tapgyrynda «Köpetdag» toparynyň futbolçylary has takyk hereket etdiler – 4:3.

Çärýek final oýny Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Alyn Asyr» üçin ýeňil bolmady. Balkanabatda «Nebitçi» bilen geçen oýnuň dowamynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary Begmyrat Baýewiň (12-nji minut) we Myrat Annaýewiň (68-nji – jerime urgusyndan) takyk urgularyndan soň iki utuk öňe saýlandy. Emma iki gezek hem ýer eýelerine ýagdaýy deňleşdirmegi başartdy. Ilki bilen muny 26-njy minutda Süleýman Derýaýew ýerine ýetirdi. Oýnuň esasy wagtyna goşulan 5-nji minut geçip ugranda, Azat Garajaýew jerime urgusyndan hasaby deňledi – 2:2. Netijede, ýeňijini 11 metrlik erkin urgy tapgyrynda kesgitlemeli boldy, onda «Altyn Asyr» toparynyň oýunçylary şowly çykyş etdiler – 4:3.

7-nji dekabrda geçiriljek ýarym finalda «Altyn Asyr» «Ahal» bilen duşuşar, «Şagadam» bolsa «Kopetdagy» kabul eder. Türkmenistanyň Kubogyny eýesi 22-nji dekabrda belli bolar.