Ï Aşgabatda telekommunikasiýa we IT-senagatynyň halkara sergisi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda telekommunikasiýa we IT-senagatynyň halkara maslahaty geçiriler

view-icon 5470
Aşgabatda telekommunikasiýa we IT-senagatynyň halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Aşgabatda telekommunikasiýalar, telemetriýa we informasiýa tehnologiýalary boýunça «Türkmentel-2021» Halkara sergisini we ylmy maslahat geçirmek göz öňünde tutulýar. Geçen ýyl her ýyl geçirilýän bu çäre garyşyk görnüşde halkara onlaýn-gatnaşylmagynda geçirilipdi. «Türkmentel-2021» pudagyň milli, sebit we ählumumy ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin şol görnüşden peýdalanar.

Soňky 12 ýylda bu çäre Türkmenistanyň telekommunikasiýa bileleşiginiň esasy gözden geçirilişi boldy, şeýle hem aragatnaşyk, teleradiogepleşikler we IT-hyzmatlary ulgamlarynda gazanylanlar barada habardar edýän, şeýle hem dünýä telekommunikasiýalar senagatynyň täzelikleri, kommunikasiýa hyzmatlary bazarlarynyň we IT pudagynyň ugurlary hem-de geljegi barada sebit we halkara ähmiýetli wakadyr.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar bu ulgamdaky täze barlaglar we innowasiýalar bilen tanyşdyrarlar, kiberhowpsuzlyk, ykdysadyýetiň we telekeçiligiň dürli pudaklary üçin sanly çözgütler meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

«Türkmentel-2021» Halkara sergisiniň çäklerinde «Sanly çözgüt -2021» bäsleşiginiň jemi jemlener. Ol robottehnikasy, saglygy goraýyş, senagat, ulag we logistika, ylym we bilim, hyzmatlar ulgamy, oba hojalygy ugurlary boýunça geçirilýär. IT-bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda talyplardyr ýokary synp okuwçylary kän, olar programamalary düzmek, web-dizaýn, web-hyzmatlar ulgamynda öz taslamalary bilen tanyşdyrarlar, internetden peýdalanyp, täze we islegli önümleri, goşundylary döretmekde hem-de innowasion oýlap tapyşlarda öz başarnygyny görkezerler.

Ogulgözel Rejebowa