Ï Ýurdumyzyň talyplary Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplary Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşarlar

view-icon 9094
Ýurdumyzyň talyplary Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşarlar

Şu ýylyň 12 – 14-nji noýabrynda Katowisiň (Polşa) Silez uniwersiteti we Polşa matematika jemgyýetiniň ýokarky Silez bölümi tarapyndan gurnalan matematika boýunça halkara toparlaýyn talyplar olimpiadasy geçiriler.

Matematika olimpiadasy her ýyl «öz meýdançasynda» dürli ýurtlaryň: Polşanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň, Çehiýanyň we beýleki ýurtlaryň bilermenler toparlaryny bir ýere jemleýär. Türkmenistanyň wekilleri birnäçe ýyl bäri onda üstünlikli çykyş edýärler.

Talyplarymyz uniwersitetde tejribeli halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda matematika ugrundan öz başarnyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Şonuň üçin toparlar öňde duran matematiki gözden geçirilişde öz bilimlerini görkezmäge taýýar. Talyplar bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Olimpiada gatnaşýanlara ylmyň aşakdaky ugurlar boýunça meseleleri çözmek teklip ediler: algebra we kombinatorika, matematiki derňew (topologiýa we köplük nazaryýeti bilen), funksional deňlemeler (differensial deňlemeleri goşmak bilen), geometriýa we çyzgyly algebra, ölçeg nazaryýeti we ähtimallyk nazaryýeti.

Olimpiadanyň resmi dili iňlis dilidir, şonuň üçin bäsdeşler matematika bilimi bilen bir hatarda dil taýýarlygyny-da görkezmeli bolarlar. Bäsleşigiň jemleýji netijeleri 14-nji noýabrda, olimpiadanyň jemleýji güni yglan ediler.

 Anastasiýa Kasýanowa