Ï Täze çeper halyçylyk ussahanasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze çeper halyçylyk ussahanasy

view-icon 5183
Täze çeper halyçylyk ussahanasy

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik obasynda täze haly ussahanasynyň gurluşygy tamamlanýar. Önümçilik jaýlaryny Halajyň çeper haly kärhanasynyň buýurmagy bilen, Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasy we “Altyn gum” hususy kärhanasy gurdy.

Meşhur el halylary dörediljek ussahana takmynan 300 inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde ýüz töweregi senetçiniň döredijilik işi üçin ähli şertler döredilipdir. Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň döredijilik topary bilen tanalýandygyny-da aýtmalydyrys. Lebap senetçileri nal görnüşinde ýerine ýetirilen özboluşly haly dokadylar, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli bolsa 168 inedördül metr meýdanly tegelek haly dokadylar.

Täze binada halyçylar sowadyjy enjamlar, ýyladyş we howa çalşygy ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan giň hem ýagty otaglar bilen üpjün edilendir. Gurluşykçylar çeper elli aýal-gyzlaryň ussahananyň bezeginiň we enjamlaşdyrylyşynyň hili babatynda nägile bolmazlygy üçin, ýeterlik alada edipdirler.

Şu ýyl “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň buýrugy bilen çeper halyçylyk kärhanalary üçin ýene üç täze ussahananyň gurluşygy tamamlandy. Olar Birleşigiň önümçilik we tehniki binýadyny giňeltmek hem kämilleşdirmek, şeýle hem Ahal welaýat etraplarynyň birlikde ösüş maksatnamasynyň çäginde Bäherdeniň çeper halyçylyk kärhanasynda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda we Baýramaly şäherinde (Marynyň çeper halyçylyk kärhanasy) açyldy. Olarda türkmeniň buýsanjy we şöhraty bolan meşhur el halylaryny her ussahanada 150 töweregi senetçi döreder.

Geçen ýyl Aşgabatda täze haly fabrigi guruldy. Paýtagtyň şanly taryhly, dünýä meşhur iň “ýaşuly” kärhanasy, ata-baba gelýän halyçylyk sungatyny ösdürmek üçin täze döredijilik ýerlige eýe boldy. Kärhana ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Meşhur el halysynyň dörediljek ussahanasy müň inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde, hatda köpçülikleýin önümçilik döwründe-de adaty önümçilik tehnologiýasyny yhlas bilen gorap saklaýan iki ýüz töweregi senetçiniň döredijilik işi üçin ähli şertler döredilipdir.