Ï Türkmenistan Gazagystanyň kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Gazagystanyň kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

view-icon 2464
Türkmenistan Gazagystanyň kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow Gazagystanyň logistika bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýanylarynyň wekilleri bilen duşuşyp, ulag we logistika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy. Duşuşyga «Astyk Trans» paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, ÇJ «Iskomtrans» jemgyýeti, «Semurg inwest» kompaniýasynyň (Kuryk porty) direktory, «KTZ Express» paýdarlar jemgyýetiniň demir ýol ulaglary bölüminiň baş müdiri, Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk merkezleriniň infrastruktura döretmek, ösdürmek we dolandyrmak boýunça taslama edarasynyň, ÇJ «Ilkinji multimodal» we ÇJ «TransLogistiks Grup» kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Ýurdumyzyň diplomaty gatnaşyjylara Türkmenistanyň ulag-logistika pudagyndaky soňky üstünlikleri, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen daşalýan ýükleriň tizligini we möçberini artdyrmak maksady bilen gurulýan ýokary tizlikli Aşgabat–Türkmenabat awtoulag ýolunyň Aşgabat–Tejen böleginiň işe girizilmegi barada maglumat berdi. Duşuşyga gatnaşanlar, şeýle hem Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Öz gezeginde, Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem üstaşyr ýükler barada maglumat alyşmak pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip we ýurdumyzyň kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, duşuşyga gatnaşanlar iň täze tehnologiýalar bilen işläp biljek, ýokary derejeli logistika hyzmatlaryny üpjün edip biljek kämil logistika hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygyny nygtadylar.

Goňşy ýurtlar bilen serhetleriň we degişlilikde serhet geçelgeleriniň bardygy göz öňünde tutulsa, Gazagystanyň geografik ýagdaýy ulag-logistika pudagynyň ösmegi üçin esasy faktor bolup durýar.