Ï Ösüş depginine möhüm goşant
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ösüş depginine möhüm goşant

view-icon 3187
Ösüş depginine möhüm goşant

Ýurdumyzyň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri Türkmenistanyň umumydöwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, dürli görnüşli önümleriň öndürilmegine möhüm goşant goşmak bilen, türkmen ykdysadyýetiniň depginli we durnukly umumy ösüşini üpjün edýärler. Hususy hojalyklaryň oba hojalygyndaky görkeziljileri aýratyn täsir galdyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mülkdar hojalyklarynda iň ýokary ösüş depgini pomidor, ýeralma, bakja önümleri, miwe we ir-iýmiş önümçiliginde hasaba alnypdyr. Hususan-da, geçen on aýyň dowamynda 58,6 müň tonnadan gowrak pomidor ösdürilip, içerki we daşarky bazarlara iberilipdir. Daýhanlar ýazda takmynan 3,6 müň gektar, güýz möwsüminde bolsa 600 gektardan gowrak ýere ýeralma ekdiler, bu bolsa jemi 4,2 müň tonnadan gowrak hasyl almaga mümkinçilik berer.

Soganyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Ýaz paslynda bu ekin 800 gektardan gowrak, güýzde bolsa 1212 gektar ýere ekildi, bu bolsa 48,5 müň tonna gök önümiň taýýarlamagyny üpjün etdi. Bakja ekinlerinden aňrybaş hasyl alyndy. Oba zähmetkeşleri 1,9 müň gektar meýdandan 50 müň tonnadan gowrak hasyl aldylar. Miweli agaçlaryň we üzümleriň ekilişi artdy. Bagbançylyk hojalyklary 70,5 müň tonnadan gowrak miwedir ir-iýmiş ýygdylar.

Maldarçylyk önümçiligi-de ösýär. Agrosenagat toplumynda maldarçylyk hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, et we süýt önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly göwrümli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Halk Maslahatynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda, döwlet edaralarynyň hasabynda duran maldarçylyk hojalyklaryny tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak-da amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalary tarapyndan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 100-e golaý maldarçylyk hojalygy, Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa ozal gurlan guş toplumlary göni satuw arkaly hususylaşdyryldy.

Häzirki wagtda 38,5 müňden gowrak sygyr saklanýan 180-den gowrak hususy maldarçylyk fermasy sygyr etini öndürmek bilen meşgullanýar. On aýda maldarlar 3830 tonna et öndürdiler. Süýt fermalarynyň sany 150-ä ýetdi, bu ýerde süýt berýän malyň baş sany 13,3 müňden geçdi, süýt öndürijiligi 17 müň tonna boldy. Ýene 90 sany sygyr ýatagynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Et üçin ulaldylýan towuk we beýleki guşlary (ýerli towuk, ördek, gaz, hindi towugy, bedene) ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan guş fermalarynyň sany (90-dan gowrak) köpeldi. On aýyň dowamynda guşçy mülkdarlar 6819 tonna towuk etini satdylar, şolardan 6,6 müň tonnasy ýörite et üçin öüdürilip ýetişdirilen towuklardyr. Elliden gowrak ýumurtga öndürýän hojalyk şu ýyl sarp edijilere 1,846,500 towuk we 265,510,000 ýumurtga satdy.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler degişli ýer bölekleri bilen üpjün edilýär. Hususy mülkdarlara takmynan 100 müň gektar ýer bölünip berildi, şolardan şu güne çenli 61837,46 gektary özleşdirildi, galan ýerler indi özleşdirilýär. Mülkdar hojalyklaryny ymykly ot-iým bazasy bilen üpjün etmek üçin zerur şertler döredilýär. Hususan-da, ot-iým öndürmek maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalary bolan maldarlara iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin, 33144 gektardan gowrak ýer bölünip berildi, şolardan 24501 gektary özleşdirildi. Häzir bu ýerlerde ýorunja, mekgejöwen, arpa, soýa, jöwen we beýleki iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýokary öndürijilikli tohum mallar bilen mallaryň baş sanynyň üsti ýetirilýär. Gara maldarçylyk bilen meşgullanýan köp hojalyklar öz sürüleri üçin süýt, süýt we et, şeýle hem et berýän tohumdan bolan ýokary öndürijilikli mallary – golştin, simmental, aberdin-angus, limuzin tohumlaryny satyn aldylar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde “Ajaýyp ussat halal önümleri” atly hojalyk jemgyýeti “mermer” et öndürmek boýunça ýurtda ilkinji maldarçylyk toplumyny işe girizdi. Bu toplumda aberdin-angus gara mal tohumlary üstünlikli köpeldilýär.

Şu ýerde, Bäherden etrabynda “Ak peçek” hususy kärhanasy gara we dowar malyny semretmek bilen meşgullanýar. Bu fermada gara mallaryň et berýän tohumyny – limuzini semredýärler. Gara mal ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşen “Sahawatly” hojalyk jemgyýeti sagylýan sürüleriniň baş sanyny köpeltmek arkaly süýt önümleriniň önümçiligini iki esse artdyrar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda işleýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygy diňe bir guşçulyk bilen çäklenmän, eýsem gara mallary köpeltmek bilen hem meşgullanýar. Onuň kuwwaty – ýylda 100 tonna et – welaýatyň dolandyryş merkezini ýokary hilli et bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda TSTB-niň agzalary ýurtda içerki azyk bolçulygyny üpjün edýän we importyň ornuny tutmak meselelerini netijeli çözmäge mümkinçilik berýän, Türkmenistanyň eksport ornuny ýokarlandyrýan ýokary hilli önümleriň köp görnüşini öndürýär.