Ï «Mizemez gadam» hususy kärhanasy izogam eksport edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy izogam eksport edýär

view-icon 5702
«Mizemez gadam» hususy kärhanasy  izogam eksport edýär

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde telekeçilik ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin döredilen giň şertlerden ýerlikli peýdalanyp, dünýä bazarynda islegli, ýokary hilli şeýle-de ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan harytlary öndürmäge ukyply bolan hususy kärhanalaryň sany bolsa barha artýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mizemez gadam» hususy kärhanasy hem gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogam öndürmeklige niýetlenendir. Bu ýerde öndürilýän izogamyň her biriniň uzynlyk ölçegi 10 metre, ini hem bir metre deňdir. Önümiň esasy bölegi polimer materialyndan bolup, onuň iki tarapy polietilen gatlagy bilen örtülendir.

Kärhananyň ýylyň başyndan bäri 2 müň 440 inedördül metre golaý izogam öndürmekligi bu ýerde işleriň barha öndürijilikli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Öndürilen önümiň 1 müň 648 inedördül metrden gowragy bolsa daşary ýurtlara – Özbegistan we Türkiýe döwletlerine eksport edildi. Bu bolsa 10 aýda jemi öndürilen önümiň 66 göterimden gowragydyr.

Izogamyň 790 inedördül metre golaýy bolsa ýurdumyzyň içerki bazarlarynda ýerlenildi.

Ýakyn wagtlarda «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda önümçiligiň göwrümini giňeltmek we öndürilýän önümiň mukdaryny artdyrmak göz öňünde tutulýar.