Ï Tagan Berdiýew: türkmenlerden ilkinji akademik, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tagan Berdiýew: türkmenlerden ilkinji akademik, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy

view-icon 5739
Tagan Berdiýew: türkmenlerden ilkinji akademik, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy

Golaýda dünýä alymlary, professorlary we talyplary Bütindünýä Ylymlar gününi bellediler. Şol gün açyşlar, ýetilen derejeler ara alnyp maslahatlaşyldy, edilen işler, ylmyň ol ýa-da beýleki ugrunyň gözbaşynda duranlar buýsançly ýatlanyldy. Köp kişi geçene nazar aýlady. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki geçmişini bilmeýäniň geljegi ýok diýilýär.

Türkmenistanda hem ýatlanara mynasyplar kän. Şolaryň biri-de ýurdumyzyň biliminiň we ylmynyň gözbaşynda duranlaryň biri Tagan Berdiýewiç Berdiýewdir.

Şu ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ilkinji prezidenti, akademik Tagan Berdiýewiň ýüz ýaşy dolardy. Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynyň Daýna obasynda sada daýhan maşgalasynda doglan ýetginjek bu barada arzuwam etmeýärdi.

Ilki Bäherdendäki mekdepde, soňra Aşgabadyň ýaňy açylan mugallymçylyk tehnikumynda ol türkmen we rus halklarynyň sowadyny hem edebiýatyny öwrenýär. Iki ýyl okuwdan soň 1929-1932-nji ýyllarda Tagan Berdiýew Garrygala etrabynda çagalara sowat berýär.

Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda respublikada ählumumy başlangyç bilimi ornaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Ilki ýedi ýyllyk, soňra sekiz ýyllyk mekdepler açylýar. Täze mekdepleriň ýüzlerçesi açylýardy, mugallymlara ýiti ýetmezlik duýulýardy. Eýýäm mugallymçylyk tejribesi bolan Tagan Berdiýew Aşgabadyň mugallymçylyk institutyna okuwa girýär, ony tamamlamagy onuň üçin mugallymçylyk we ylmy taýdan ösmegine täze ýollary açýar.

Agyr otuzynjy ýyllarda ol mugallymçylyk uçilişşesiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, soňra müdiri bolup işleýär. Moskwada okuw geçenden soň oňa respublikanyň magaryfynyň halk komissarynyň orunbasarynyň, soňra halk komissarynyň wezipesini ynanýarlar.

1951-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine saýlanmagy Tagan Berdiýew üçin uly jogapkärçilikdi. Ol Türkmenistanyň ylym pudaklarynyň ençemesiniň kemala gelýän çylşyrymly döwri bu wezipede üstünlikli bäş ýyl işleýär. Onuň durmuşynda saglyk ýagdaýy sebäpli guramaçylyk, ylmy işini goýup, hormatly dynç alyşa giden döwrem bolupdy. Ýöne yzygiderli haýyşlar bilen ýene ylym bileleşigine gaýdyp gelip, ýene üç ýyl – 1970-1973-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna ýolbaşçylyk edýär.

T. Berdiýewiň edebiýat we diller boýunça ylmy işlerinden, köpsanly monografiýalaryndan häzirem alymlar, talyplar, aspirantlar we ýurduň kitaphanalarynyň işgärleri peýdalanýarlar. Belli alymlar M. Annanepesow, T. Hydyrow, A. Ýazberdiýew, A. Stepanow we başga-da ençeme alymlar onuň ömrüne, ylmy barlaglaryna oçerklerini bagyşlapdylar.

Ylymlaryň doktory A. B. Ýazberdiýew T. Berdiýewi ýatlap, şeýle diýýär:

-Respublikanyň ylmyna aralaşan alym ol ýa-da beýleki derejede Tagan Berdiýewiň ylmy işlerine gabat gelýär we onuň terjimehaly bilen tanyşýar. Meniň geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda «Ylym» neşirýatynda çap edilen monografiýamam onuň ylmy işine we zähmet ýoluna bagyşlanypdy.

Jemgyýetçilik işgäri, deputat saýlanan we döwlet işlerinde işlän uly alym Tagan Berdiýew ýurdumyzyň ylmynda we taryhynda özboluşly yz galdyrdy.