Ï Plastmassanyň ýerine ekologiýa taýdan arassa we modaly eesbaplar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Plastmassanyň ýerine ekologiýa taýdan arassa we modaly esbaplar

view-icon 3759
Plastmassanyň ýerine ekologiýa taýdan arassa we modaly esbaplar

Bütin dünýäniň daşky gurşawy hapalaýan plastika garşy göreşýän häzirki döwründe dürli ýurtlarda plastik torbalaryň deregine ekologiýa taýdan arassa çalşyrgyçlar hödürlenýär. Bular dury poliester torbalar, häzirki zaman moda biçüwçileri tarapyndan gaýtadan dikeldilen örme torbalar we mekgejöwen krahmalyndan öndürilen edil plastmassa meňzeş, ýöne ekologiýa taýdan arassa torbalardyr. Hatda, öň zibil hasaplanýan dökülen ýapraklardanam häzirki zaman tehnologiýasy azyk önümleri üçin kagyz we kagyz torbalar, gök önümler we miweler üçin gutular öndürýär.

Türkmen ekologiýa işjeňleri we ýaş telekeçileri döredijilik pikirlerini durmuşa geçirýärler. Mysal üçin, köp gezek ulanyljak ajaýyp we amaly arassa torbalary öndürýän “Horjun” HK-sy plastik haltalaryň deregini tutjak ajaýyp önümleri hödürleýär. Wagtyň synagyndan geçen milli däp-dessurlary täze şertlerde ösdürmek bilen “Horjun” tebigy pagtadan dürli görnüşli ýokary hilli we çydamly zyýansyz torbalary öndürýär. Modaly esbaplar topary önümleriň ýokary hilini asyl estetika bilen-de doldurýan türkmen milli bezegleri bilen baý bezelendir. Bahasy boýunça sarp edijiler köpçüligi üçin has elýeterli sumkalar topary gündelik plastik torbalaryň ornuny tutýar. Kärhanada torba öndürmek üçin ulanylýan ähli çig mal halkara ülňülerine laýyk gelýär we adam saglygyna zyýanly maddalary öz içine almaýar.

“Horjun” öndüren önümleriniň ýokary hilli we içerki hem daşarky bazarlarda isleg bildirilmegi üçin, degişli taýýarlyk okuwyny geçen onlarça gelin-gyzy iş bilen üpjün edýän dokma şereketidir. Kärhananyň ýolbaşçysy Aýna Öwezowanyň özi-de şu işini döredenden soňky bir ýylda köp zat öwrendi. Köp guramaçylyk, önümçilik we maliýe meselelerine düşünmek we çözmek bilen bir hatarda, ýaş telekeçi halkara marketingi we önümlerini beýleki ýurtlara eksport etmegiň tehniki meselelerini öwrendi.

Şereket dürli modelleriň 10-dan 50 müňe çenli modaly esbaplaryny daşary ýurda ibermäge taýyn we wagtyň geçmegi bilen, eksportynyň geografiýasyny giňeltmek umydy bilen, eýýäm Russiýa döwletine ilkinji önümlerini hödürledi. “Horjunyň” ýolbaşçysynyň sözlerine görä, halkara eksport bazarlaryna girdigiçe, öz lomaý satyş boýunça önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen, olar önümleriniň ýokary hilini we elýeterliligini saklamak isleýärler, oňa bolan isleg bolsa daşky gurşawy goramagyň dünýä boýunça hörpi bilen kesgitlenýär.

Dünýä tejribesini we halkara söwdasyna gatnaşmagyň standartlaryny ymykly öwrenen “Horjunyň” ýolbaşçylygy 2021-nji ýylyň başynda Türkmenistanda işe girizilen “Ready4Trade” eksport menejmenti okuwyna (EMCI) we elektron söwda okuwlaryna gatnaşdy. USAID-iň telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek taslamasy tarapyndan goldanýan “Handmade Export 2021” işewürlik inkubatory maksatnamasynyň çäginde Aýna Öwezowa “Etsy”, “eBay” we “AliExpressi”-de goşmak bilen, bütindünýä elektron söwda ýerliginde elde öndürilen önümleriň onlaýn satuwy babatynda goldaw tapmaga umyt edýär. Ol senetçilik eksporty baradaky bilimini artdyrmak üçin 9-njy noýabrda sanly kanallar arkaly geçirilen “Sanly bazarlary badaşdyryp” maksatnamasynyň sebitleýin webinara gatnaşdy.

Şunuň ýaly okuwlar we webinarlar arkaly, ýaş telekeçiler, hususan-da senetçilik we amaly-bezeg önümlerini öndürmek hem eksport etmek bilen meşgullanýan aýallar halkara hukuk binýady we kadalaşdyryjy binýat, haryt kabuly boýunça umumy kabul edilen standartlary, harytlary eksporta taýýarlamak üçin zerur ýerli resminamalar we harytlary konsolidirlenen görnüşde başga birine ibermek ýaly modeller barada köp zat öwrenýärler. Bu bilimler ýerleme bazarlary barada maglumat ýygnamaga, B2B we B2C üçin öz onlaýn görnüşüňizi giňeltmäge we eksportyňyzy bäsdeşlige ukyply etmäge mümkinçilik döredýärler.