mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdebaryjy bilen aratapawudy azaltdy

view-icon 1592
«Şagadam» Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdebaryjy bilen aratapawudy azaltdy
camera-icon
tff.com.tm

«Şagadamyň» futbolçylary Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Türkmenbaşy şäherinde 5-nji tapgyryň soňa geçirilen oýnunda Marynyň «Energetik» toparyny – 3:0 hasabynda utup, öňde barýan «Ahal» bilen aratapawudy 3 utuga çenli azaltdy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. 47-nji minutda pökgi «Energetik» toparyň toruna girdi. 71-nji minutda Hydyr Ýakubow ikinji, Nazar Towakelow 11 metrlik jerime urgusyndan üçünji pökgüni geçirdiler.

Indi «Şagadam» 10 utuk bilen ikinji orna çykdy, ol Türkmenistanyň häzirki çempionyndan 1 utuk artyk toplady.

Balkanabadyň «Nebitçi» topary 6 utuk bilen 4-nji orunda barýar. 5-nji tapgyryň soňa geçirilen oýnunda «nebitçiler» Maryda «Merw» bilen duşuşdylar. 72-nji minutda Guwanç Abylow hasaby açdy – 1:0. Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda Amangeldi Saparow hasaby deňledi– 1:1.

Şol gün paýtagtymyzda ýene bir oýun deň tamamlandy. 5-nji tapgyryň soňa geçirilen oýnunda «Köpetdag» «Aşgabat» bilen duşuşdy. Ýazgylyç Gurbanowyň (18-nji minutda) we Yhlas Saparmämmedowyň (75-nji minutda) tagallasy bilen meýdança eýeleri iki gezek öňe saýlandylar. «Aşgabat» toparyň futbolçylary Gurbannyýaz Sähedowyň (74-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan) we Döwran Hojamämmedowyň (90+1) dürs urgusy bilen hasaby deňlediler.

Şu duşuşykdan soň «Aşgabat» toparyň 5, «Köpetdag» toparyň bolsa 4 utugy bar.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň oýunlary 15-nji noýabrda geçiriler. Şol gün «Ahal» bilen «Aşgabat», «Şagadam» bilen «Köpetdag», «Energetik» bilen «Nebitçi», «Altyn asyr» bilen «Merw» duşuşarlar.