Ï Nedir Allaberdiýew sambo boýunça 2021-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medaly gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nedir Allaberdiýew sambo boýunça 2021-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medaly gazandy

view-icon 7535
Nedir Allaberdiýew  sambo boýunça 2021-nji ýylyň dünýä çempionatynda   bürünç medaly gazandy

Sambo boýunça Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda türkmenistanly Nedir Allaberdiýew ýurdymyz boýunça ilkinji bürünç medala mynasyp boldy.   Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 28 ýaşly uçurymy bu medaly 21 samboçy bäsleşýän,   agramlary 79 kilograma çenli bolan  toparda çykyş edip gazandy.

Ilkinji iki göreşde Nedir,  horwatiýaly Dino-Dominik Sumpordan 9:0, demirgazyk makedoniýaly Bernard Regikden 4:0 hasabynda  üstün çykdy. Çärýek finalda N. Allaberdiýew  şikese sezewar bolup, dünýäň dört gezek  çempiony, 2013-nji ýylda Kazanda geçirlen Bütindünýä Uniwersiadasynyň ýeňijisi, russialy Wali Kuržewden  ýeňildi.

Şondan soň azerbaýjanly Abdulla Abdullaýew bilen bolan tutluşykda 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan Nedir Allaberdiýew, bürünç medal ugrundaky göreşde, 74 kilograma çenli agramy bolan toparyň 2020-nji ýylyň dünýä çempiony, Ýewropanyň birnäçe gezek çempiony, 2019-njy ýylda Minskde geçirlen Ýewropa oýunlarynyň  ýeňijisi, 2013-nji ýylda Kazanda geçirlen Bütindünýä Uniwersiadasynyň kümüş medalynyň eýesi — belarusly Aleksandr Kokşa bilen duşuşdy.

Tutuş bäsleşigiň dowamynda diýen ýaly türgenimiz ussat samboçydan ilki  0:2, soň 1:2, asgyn gelip, soňky döwde-de 2:3 hasabynda yza galýardy. Duşuşygyň soňky minuty dowam edýärdi,  hasap bolsa üýtgewsizdi. Birdenem, göreşiň tamamlanmagyna 3 sekunt galanda, Nedir garşydaşyny iki utuk yzda galdyryp, ýeňşi onuň elinden gaňryp almak bilen (4:3), dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe bolmagy başardy.

Zehinli türgeni bu üstünlige Türkmenistanyň  sambo sporty boýunça erkekler toparynyň baş tälimçisi Ýanar Hojamuhammedow ýadawsyz aladasy alyp bardy.

Sambo bilen bary-ýogy üç ýyl meşgullanýan N. Allaberdiýewiň bu dünýä çempionatynda ilkinji çykyşdy. Ondan öň ol dzýudo we göreş bilen meşgullanýardy. Söweş sungatynyň soňky görnüşinde ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirlen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orny eýeläpdi.

Nedir Allaberdiýewiň Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Özbegistanyň paýtagtyna ugraljak iň soňky pursatda goşulandygyny bellemelidiris. Daşkende saparymyzdan öň biziň toparymyzda 79 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempionatyna gatnaşmaga esasy dalaşgär türgen 2021-nji ýyldaky Aziýa çempionatynda çärýek finala çykyp, oňat netije görkezen tanymal samboçy Begenç Baltaýewdi. Eýsem-de bolsa, maşgala ýagdaýy sebäpli ol, 2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmedi, şonda milli ýygyndynyň baş tälimçisi Ý. Hojamuhamedow Nedir Allaberdiýewi milli ýygyndy toparyna goşmak babatynda tutanýerlilik görkezdi. Görşümiz ýaly, onuň erjelligi howaýy däl eken.

64 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden başga bir türkmen samboçysy Muhammet Kössekowyň ýaryşyň ilkinji gününde bürünç medal ugrundaky ýaryşda bäsleşmek üçin gowy mümkinçiligi boldy. Ol 1/8 finalda bolgariýaly Radoslaw Markowdan 3:0 hasabynda üstün çykdy, çärýek finalda bolsa duýduryş we temmi sebäpli gazagystanly dünýä çempiony Rahat Žananiýetden 0:1 hasabynda ýeňildi. Şu  duşuşykda ady agzalan garşydaşlaryň  ikinji bäsleşi bolandygyny belläp geçmelidiris. Ondan öň iýun aýynda Daşkentde geçirlen yklymara çempionatynyň finalynda M. Kössekow R. Žananiýeti ýeňip, Aziýanyň çempiony bolupdy.

Gresiýaly Sawwa Karakizidis bilen geçirlen bäsleşikde eminler ýeňşi ilki Muhammede berdiler. Emma Gresiýa tarapyndan bildirlen nägilelikden soň eminler bu bäsleşigiň jemlerine täzeden garap, duýduryş sebäpli ýeňşi garşydaşyň adyna ýazdylar, şeýtmek bilen-de, zehinli türgenimizi bürünç medal ugrunda bäsleşmek mümkinçiliginden mahrum etdiler. Netijede, Muhammet Kössekow ýaryşda 7-nji orny italýan Maýkl Raso bilen paýlaşdy.

Sambo çportynyň ýene bir wekili Guwanç Begalyýew 88 kilograma çenli agram derejesinde ermenistanly Arsen Gazaryan bilen 7-nji ornuň şärikli eýesi boldy.

Aýal-gyzlar ýaryşynda Jahan Muhammedowa (80 kg çenli) horwatiýaly Lea Katarina Gobets bilen 5-nji, Maksuda Ýegemberdiýewa (80 kg-dan gowrak) bolsa fransuz zenany Ýelena Çirak bilen 7-nji orna şärik boldular.

Halkara sambo federasiýasynyň (HSF) maglumatlaryna görä, Daşkent dünýä çempionaty 50 ýurduň wekilini bir ýere jemläpdir. Olar  sportyň dürli görnüşlerinde, şeýle hem  sambo görnüşinde erkekleriň we aýallaryň arasynda agram ölçegleriniň ýedi görnüşi  boýunça iň güýçlini ilkinji gezek kesgitläpdirler.

Ýaryşlar «Özbegistan» sport toplumynda COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly ýörite sanitariýa şertlerinde geçirilýär. FIAS-yň Halkara Olimpiýa komiteti diýlip hemişelik ykrar edilmeginden soň, ilkinji bolan 2021-nji ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylar PCR barlaglaryndan yzygiderli geçýärler, şeýle hem ähli sanitariýa standartlaryny berjaý edýärler.

Şu dünýä çempionatynda 231 müň ABŞ-yň dollary möçberinde baýrak gaznasy döredildi. Dünýä çempionlary 4 müň, kümüş medala mynasyp bolanlar 3 müň, bürünç medal alanlar bolsa 2 müň ABŞ-yň dollary bilen sylaglanýar.