Ï «Owadan ülkе»: gök we bakja önümlerinden datly tagamlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Owadan ülkе»: gök we bakja önümlerinden datly tagamlar

view-icon 5238
«Owadan ülkе»: gök we bakja önümlerinden datly tagamlar

«NUR» we «Mylaýym» söwda nyşanly konserwlenen gök önümleri, miweleri, maýonezi öndürmekde ýöriteleşen «Owadan ülke» hususy kärhanasy ýerli çig maldan önüm öndürmegini artdyrýar. Ilatyň uly isleg bildirýän miwe we gök önümlerinden dürli mürepbeleri öndürýän desgalaryň sany artdyryldy. Aşgabat kärhanasynyň hünärmenleri sarp edijilere tanyş bolan tebigy çig maldan – almadan, dalçyn garylan almadan, käşirden, kädiden, garpyzdan, gawundan öndürilýän konfitýurlar bilen bir hatarda täze görnüşli tagamly konserwlenen önümleri-de taýýarlar. Gysga wagtda azyk dükanlarynyň tekjelerinde täze önüm – böwürslen jemi peýda bolar. Alma, beýi we böwürslen mürepbesiniň 185 müňden gowrak bankasy satuwa çykarlar.

Şu ýyl kärhananyň hünärmenleri öz telekeçilerimiziň ösdürip ýetişdiren önümlerinden birnäçe sous görnüşiniň: sarymsak, peýnir we kömelek sousynyň taýýarlaýyş düzümini işläp düzdüler.

Telekeçiler ilata zaýalanman uzak durýan önümleriň ýigrimiden gowrak görnüşini hödürleýärler. Bular marinada ýatyrylan kädi, hyýar we belli markaly pomidorlar, ajy üwmeç, burç goýultmasy, üzüm ýapraklarydyr. Öňki wagtda öndürilmedik marinada we duza ýatyrlan dürli gök önümler ilkinji gezek sarp edijileriň saçaklaryny bezär.

«NUR» we «Mylaýym» nyşanlary astynda kärhanada dürli görnüşli maýonez öndürmek ýola goýlupdyr. «Mylaýym» söwda nyşanly adaty bolmadyk tagamy we näzikligi bilen tapawutlanýan maýoneziň düzümine ýerli pagta ýagy-da girýär. Önümleriň dürli-dürli görnüşi çalt giňeýär. Kärhana täze «Hazyna» nyşany astynda üç görnüşli maýonez öndürdi.

«Owadan ülkе» her gün sekiz tonnadan gowrak konserwlenen önüm öndürip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iberýär. Ahli önümler ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilip, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden öndürilýär. Hili ýokary, elýeterli bahasy bolan önümlere sarp edijiler uly isleg bildirýärler.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan ülkе» hususy kärhäna, ýokary tehnologiýaly daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ukyplydyr. Kärhanada hil dolandyryşy we azyk önümleriniň howpsuzlyk ulgamlary ornaşdyrylypdyr, ähli önümçilik işleri dolandyryş ülňüleriniň we ISO 9001: 2015 we HACCP-niň talaplaryna laýyklykda kepillendirilendir. Öndürilýän önümleriň ýokary hili halkara ülňülerine laýyk gelýär we öndürijä diňe bir türkmen bazarynda ymykly ornaşmaga däl, eýsem önümlerini Gruziýa we Gazagystan ýaly ýurtlara eksport etmäge-de mümkinçilik berýär.