Ï Türkmenistanyň dokma senagaty kuwwatyny artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dokma senagaty kuwwatyny artdyrýar

view-icon 7109
Türkmenistanyň dokma senagaty kuwwatyny artdyrýar

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada ýakynda gelen habarlardan soň, ýene bir gowy habaryň şaýady bolduk –Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda has döwrebap dokma toplumy açylar. Bu iki wakanyň arasynda 30 ýyl Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň çig mal ýurt statusyny düýpgöter üýtgedip, dünýä bazarynda gadyry artýan ýokary hilli dokma önümlerini öndürijä öwrülendigini görkezýän çuňňur simwolik baglanyşyk bar.

Garaşsyzlykdan öň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň hemmesi diýen ýaly işlenmek üçin, Russiýanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Baltika ýurtlarynyň dokma kärhanalaryna ýa-da daşary ýurtlara eksport edilen bolsa, soňky üç onýyllykda ony gaýtadan işlemek üçin, birnäçe milliard amerikan dollary maýa goýlup, güýçli dokma senagaty döredildi. Häzirki wagtda pudagyň senagat infrastrukturasyny iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma önümçiligi, tikin fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän kärhanalar ýaly onlarça döwrebap kärhanalar düzýär.

2021-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlaryna degişli maglumatlar ýurduň dokma senagatynyň ösüşiniň dinamiki häsiýetini subut edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň çykaran önümleriniň, şol sanda pagta ýüplükleriniň we matalaryň möçberi degişlilikde 120,2 we 104,7%-e, geýim we trikotaž önümleri 119,3%-e, deri önümleri 106.1%-e barabardyr.

Bar bolan kärhanalaryň tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary tehnologiýaly täze önümçilikler-de döredilýär. Şu ýylyň awgust aýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda işe girizilen we Babadaýhan etrabynda açyljak şuňa meňzeş toplum hut şu innowasiýa kärhanalaryna degişlidir. Şunuň ýaly täze kärhanalarda halkara hil, dolandyryş we marketing standartlarynyň iň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän önümler öndürilýär.

Öndürilýän önümleriň daşky gurşawyň howpsuzlygyna degişli talaplara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär, muňa ýurdumyzyň senagatynyň däp boýunça tebigy ýerli çig mallara esaslanýan ugry ýardam edýär. Türkmenistanyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri halkara derejesinde ykrar edildi we ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifiklatlary, şeýle hem WRAP we OHSAS 18001 standartlaryny aldy.

Babadaýhan etrabynda täze toplumyň işe girizilmegi ýurduň energiýa däl eksportynyň ösmeginde möhüm orny bolan dokma senagatynyň eksport mümkinçiligini artdyrar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dokma önümleriniň agramly bölegi GDA ýurtlaryna, Ýewropa, Aziýa we dünýäniň beýleki ýerlerine iberilýär.