Ï «Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda öňdeligi saklap gelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda öňdeligi saklap gelýär

view-icon 4974
«Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda öňdeligi saklap gelýär
camera-icon
tff.com.tm

Milli futbol çempionatynyň öňbaşçysy «Ahal» 6-njy tapgyrda öz meýdançasynda oýnanda, «Aşgabat» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, beýlekilerden öňe saýlandy.

Oýnuň birinji ýarymy toparlaryň hiç birine-de üstünlik getirmedi. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň ilkinji pursatlarynda, ýagny oýnuň 55-nji minutynda «Aşgabat» FT-nyň oýunçysy Döwran Orazalyýew çep gyradaky goragçylardan topy alyp, derwezeçi bilen ýeke-ýekä çykmak bilen, hasaby açdy.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyna oýny deňlemek üçin 13 minut gerek boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow topy jerime meýdançasyndan tarap urdy. Derwezeban aljyraňly ýagdaýa düşüp, topa ýetip bilmedi, top bolsa hiç kime degmän, göni derwezä girdi.

70-nji minutda hasap 1:1 wagty «Aşgabat» FT-nyň gödek oýnany üçin, üç minudyň dowamynda yzly-yzyna iki sany sary petegi mynasyp bolan Myrat Amantaganowyň oýundan çykarylmagy sebäpli azlykda galdylar.

Ýene 7 minutdan Arslanmyrat Amanow jerime meýdançasynyň daşyndan derwezeçiden çepdäki aşaky burça güýçli urgy bilen ikinji topy öz adyna belläp, «Ahal» FT öňe çykardy – 2:1.

Türkmenistanyň wise-çempionynyň bu üstünligini bäşinji minutda jerime urgusyny amala aşyran Elman Tagaýew berkitdi. Bu, «Ahal» FT-nyň köp top geçirýänleriň toparynyň başyny ynamly çekip gelýän kapitanynyň geçiren 7-nji goludy.

Bu oýundan soň «Ahal» FT-nyň utuk sany 16 boldy. Türkmenbaşynyň bu tapgyrda paýtagtyň «Köpetdag» toparyny 3:1 hasabynda ýeňen «Şagadam» toparynyňky bolsa şundan 3 utuk azdyr. Ýeňiji toparlaryň Kerim Hojaberdiýew (7-nji minut), Yhlas Magtymow (73-nji minut) we Möwlamberdi Goşşanow (82-nji minut) ýaly oýunçylary tapawutlandy. Ýeňlen tarapdan gol geçiren Serdar Baýramowdy (90-njy minut).

Baýrakçylar üçlüginiň ahyrky topary Büzmeýin etrabynyň stadionynda Marynyň «Merw» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, 12 utukly bolan Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn Asyr». 18-nji minutda myhman toparyň oýunçysy Döwletgeldi Mirsoltanow topy öz toruna saldy. Bu, häzirki milli çempionatyň başyndan bäri öz toruna geçirilen dördünji goldur. 48-nji minutda Mihail Titow «Altyn Asyr» toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. 79-njy minutda Serdaraly Ataýew bir jogap topuny saldy.

6-njy tapgyryň başga bir oýnunda Marynyň «Energetik» topary Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda utmak bilen, Türkmenistan-2021 çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandy. Ýeňijilerden Tirkiş Muhammetberdiýew (5-nji minut) we Perman Hallyýew (76-njy jerime urgusyndan) tapawutlandy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň oýunlary 19-njy noýabrda geçiriler. Şol gün «Aşgabat» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Altyn Asyr», «Köpetdag» – «Energetik», «Merw» bolsa «Ahal» bilen duşuşar.