Ï Türkmen talyplary matematika boýunça Halkara olimpiadasynda 53 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary matematika boýunça Halkara olimpiadasynda 53 medal gazandylar

view-icon 4601
Türkmen talyplary matematika boýunça Halkara olimpiadasynda 53 medal gazandylar

Türkmen talyplary Silez uniwersiteti hem-de Polşa matematika jemgyýetiniň Ýokary Silez bölüminiň Kotowisada (Polşa) guran talyp toparlarynyň matematika boýunça Halkara olimpiadasynda dürli derejeli 53 medaly gazanmagy başardylar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary – 13 altyn medala eýe boldular. Olardan dördüsini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, üçüsini Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gazandylar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2 altyn medal, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem 2 altyn medal almagy başardylar. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallumçylyk institutynyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň hersiniň paýyna bolsa 1 altyn medaldan düşdi.

17 kümüş hem-de 23 bürünç medaly ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gazandylar.

Iň köp hormatly ikinji we üçünji orunlary, ýagny 7 kümüş we 8 bürünç medaly Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary almagy başardylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bolsa 4 kümüş we 6 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýene-de 10 türkmen talyby ýaryşyň jemleri boýunça höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Umuman, Halkara olimpiada sanly ulgam arkaly dokuz sany Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Her ýyl geçirilýän matematika boýunça ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan – Türkmenistandan, Polşadan, Russiýadan, Çehiýadan, Indoneziýadan, Bangladeş Respublikasyndan jemi 300-den gowrak talyp we 50 talyp toparlary gatnaşdylar.