mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

ÝDÖB Türkmenistanyň hususy bilim edaralary üçin okuw geçirýär

view-icon 2014
ÝDÖB Türkmenistanyň hususy bilim edaralary üçin okuw geçirýär

Türkmenistanyň hususy bilim edaralarynyň wekilleri üçin Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) «Sanly marketing we satyşlar» atly okuwy başlandy.

Iň gowy halkara tejribelerine esaslanan bu 6 günlük onlaýn okuw internetde bilim beriş hyzmatlaryny ösdürmegiň täsirli gurallary bilen tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanypdyr.

Wagtyň barha ýokarlanýan gymmatlygy we tehniki mümkinçilikleriň ösmegi onlaýn bilime bolan islegi has-da artdyrýar we elýeterli edýär. Tutuş dünýäde barha köp adam okuwyny internetiň hünärmenlerine ynanýar. Dünýäniň dürli künjeginden bolan mugallymlar, täze bilimler, okatmagyň täze usullary, dünýäniň islendik ýerinde okatmagyň amatlylygy – bularyň bary onlaýn bilim pudagy arkaly üpjün edilip bilner.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, bu okuw bilim ulgamynda netijeli sanly işewürlik strategiýasyny işläp düzmäge, müşderiler bilen gatnaşyk gurmak ulgamlaryny (CRM ulgamlary) sazlamaga, onlaýn giňişlikde mahabat çykarmaga, şeýle hem internetde iş hasabatyny dogry düzmäge we ösdürmäge kömek eder. Sebäbi sanly mahabaty we satyş kanallaryny ulanmak köp şereket üçin telekeçiligi ösdürmegiň we oňat netijeler gazanmagyň möhüm usullaryndan biridir.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu okuwy iki sany tejribeli hünärmen – web-işläp düzme we elektron söwda boýunça maslahat beriş ulgamynda üstünlikli iş alyp barýan IT şereketleriniň eýeleri Artýom Kriwtsow we Ýewgeniý Inžeýew geçirýär. Geçilen materialy has gowy özleşdirmek üçin, tälimçiler amaly tabşyryklar bererler.

Okuw materiallary CEFE (Serbiýa) bilen hyzmatdaşlykda «APPLICATIO Training & Management» (Germaniýa) tarapyndan işlenip düzüldi.

Okuwyň birinji moduly şu gün tamamlanar, ikinjisi bolsa 24-25-nji noýabrda geçiriler. Okuwyň üçünji bölümi 2021-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda bolar.