Ï Maşgala gymmatlyklary we nesiller dowamaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maşgala gymmatlyklary we nesiller dowamaty

view-icon 7661
Maşgala gymmatlyklary we nesiller dowamaty

Ministrler Kabinetiniň 16-njy nobabrda sanly ulgam arkaly geçrilen mejlsinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde milli maşgala gymamtlyklaryny wagyz etmeklige, ýaşlara watanperwerlik we ahlak tebiýesini bermeklige aýratyn üns çekdi.

Bu meseleler hemişe döwlet Baştuanymyzyň üns merkezinde, maşgala gymamtlyklaryny halkymyzyň esasy ruhy binýatlarynyň biri hasaplaýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dogry we hemmetaraplýayn terbiýe, ozaly bilen, pederleriň asyrlaryň synagyndan geçen taryhyna, däplerine, tejribesine hem-de ahlak gymamtlykalryna daýanýar. Ata-babalarymyz gahrymançylykly ýoly, eziz Diýarymyzyň ajaýyp taryhy ýaşlar üçin nusga mekdebidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary halkymyzyň taryhy ýoluny dowam etmäge we milli ýörelgeleridir üstünlikleri nesilden nesle geçirmäge çagyrýar. Milli Liderimiz topragymyzda ýaşap geçen, dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan beýik şahsyýetler ýaly dünýä belli ajaýyp şahsyýetleriň peýda boljakdygyna ynam bildirýär.

Bu ynam ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga, olaryň telekeçilik we döredijilik başlangyçlaryny, ýaşlaryň bilimde, ylymda, sportda belent sepgitlere ýetmäge höwesini goldamaga gönükdirilen döwlet syýasaty bilen berkidilendir.