Ï «Gerçek» aýakgap önümçiligini ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gerçek» aýakgap önümçiligini ösdürýär

view-icon 11932
«Gerçek» aýakgap önümçiligini ösdürýär

Erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş görnüşlerini tikmek bilen meşgullanýan «Gerçek» hususy kärhanasy önüminiň möçberini artdyrdy.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, şu ýylda otuz göterim köp, ýagny sekiz million jübütden gowrak dürli aýakgap öndürildi. 500-den gowrak işgäriň işleýän ýedi ussahanasynyň jemlenen Mary welaýatynda kärhanasynda sintetik we ekologiýa taýdan arassa serişdelerden açyk hem ýapyk görnüşli aýakgap öndürmek ýola goýuldy. Ýakynda bu ýerde täze bir bölüm – zenan aýakgaplaryna owadanlyk bermek üçin, bezegdir keşde öndürýän bölüm açyldy. Häzirki wagta çenli bu kärhana ähli möwsümler üçin 650-den gowrak aýakgap görnüşini – dürli ýaşdaky çagalar, erkekler we zenanlar üçin dürli aýakgaplar – sport aýakgaplary, rezin aýakgaplar, mekdep torbalary we başga-da şuňa meňzeş zatlary öndürmegi özleşdirdi.

Kärhananyň hünärmenleri çig mal hökmünde emeli gön, dürli reňkli ýüplükleri, poliuretanlary, poliwinil hlorid ulanýarlar. Adatça, biri-birinden biçüwleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýan we bahalary elýeterli, taýmaýan dabanly rahat aýakgaplaryň tomus we bahar modelleri öndürilýär. Kärhananyň sintetik we ekologiýa taýdan arassa materiallardan öndürilen önümlerine diňe ýerli bazarda däl, eýsem daşary ýurtlaryň bazarlarynda islegi artýar. Ýeňil we amatly aýakgaplaryny ýurdumyzyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň raýatlary satyn alýarlar. Kärhananyň önümlerini Gazagystana ibermek barada gepleşik geçirilýär.

Kärhananyň ýolbaşçysy, telekeçi Aýhan Rejebowa kärhananyň önümçilik kuwwatynyň 19,5 million jübütden-de gowrak aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Geljek ýylyň başynda kärhanada aýakgap tikýän ýene üç desga hatary işe giriziler, bu desgalar 100-den 150-ä çenli täze görnüşli önüm, şol sanda şypbyk, erkek we zenan çepekleri, mekdep okuwçylary we ýetginjekler üçin açyk hem ýapyk aýakgaplary öndürer.

Diňe Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada giňden tanalýan öňdebaryjy «Gerçek» hususy kärhanasy 2015-nji ýyldan bäri dürli görnüşli aýakgap öndürmek bilen meşgullanýar. Geçen ýyl ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan guralan «2020-nji ýylyň telekeçisi» diýen bäsleşikde ýeňiş gazanyp, «Ýylyň senagatçysy» diýen ada mynasyp boldy.