Ï Batyrgaý we mähirli Aladdin A.S.Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Batyrgaý we mähirli Aladdin A.S.Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda

view-icon 4035
Batyrgaý we mähirli Aladdin A.S.Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary ýaş režisýor Baýram Garajaýew bilen ýaş tomaşaçylara gowy sowgat taýýarladylar. Olar M.S. Neprýahiniň pýesasy boýunça «Alladiniň jadyly çyrasy» atly şadyýan gündogar ertekisini sahnalaşdyrdylar.

Parasatly Soltan gyzy Žasmin üçin ýigtilere syn guraýar. Olaryň arasyndan ykbal oýny bilen Aladdin şa gyzy bilen görüşende bir-birine aşyk bolýar.

Ýöne Aladdin bu bakyşy üçin ölüme höküm edilýär, bu gezek hem bagtly pursat oňa içi Jynly jadyly çyrag eçilýär. Onsoň Jynyň kömegi bilen Aladdin hem şa gyzy Žasmin bir-birine gowuşýar.

Spektaklda aýdym-saz, tans sahnalary kän bolansoň oňa erteki-mýuzikl diýmegi teklip edenlerem boldy. Aladdiniň keşbini döreden Kerim Ataýew öňden bäri tansa ökde artist hökmünde tanalýar. Horeograf Maýa Pürsiýanowa artistleriň hemesini diýen ýaly tansa goşýar.

– «Alladiniň jadyly çyrasy» – Ýer ýüzünde çagalaryň ählisiniň halaýan gündogar ertekisi – diýip Baýram Garajaýew gürrüň berýär, – şonuň üçin hem onuň diňe bir çagalara däl, eýsem ululara-da ýaramagyny isledim.

Baýram Garajaýew – Sankt-Peterburg medeniýet institutynyň uçurymy. Ol okuwyny tamamlandan soň A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Jadyly suw gaýnatgyç» göçme erteki-spektaly we «Film! Film! Film!» atly degişmeli täze ýyl oýnuny goýdy. Soňra Watan öňündäki borjuny ýerine ýetirmäge – harby gulluga çagyryldy. Gullukdan soň ýene A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatra gaýdyp geldi. «Alladiniň jadyly çyrasy» – onuň teatryň sahnasynda goýan ilkinji spektakly.

– Men bu ertekini gündogar tematikasy, gyzyklydygy we mähirli gahrymany üçin saýlap aldym - diýip ol gürrüňini dowam edýär. – Teatr spektaklyny mümkinçiligi has baý kinofilm bilen deňeşdirýärler. Ýöne bizem aktýorlaryň kömegi bilen oňa mynasyp alternatiwa döretdik. Maňa aýratynam Kerim Ataýew we ýaramaz gahryman Jafaryň keşbini döreden Waleriý Dmitriýew ussatlygy bilen köp kömek etdiler.

Geljekki meýilleri barada soranymda Baýram Garajaýew meýilleriniň kändigini, ýöne olary häzirlikçe gizlinlikde saklaýandygyny aýtdy.