Ï Roýalda Erjel Ýagşymyradow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Roýalda Erjel Ýagşymyradow

view-icon 3495
Roýalda Erjel Ýagşymyradow

Türkmenistanda ýaşlaryň ahlak, medeni-bilim we beden taýdan ösüşine hemişe uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesli watanperwerlik, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemegiň döwletimiziň ösüşiniň zerur şertlerinden biridigini ençeme gezek nygtady. Şu maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy üçin amatly şertler döredilýär.

Zehinli ýaşlaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň fortepiano kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Erjel Ýagşymyradowdyr. Birnäçe gün mundan ozal bolan konsertde ol tomaşaçylar üçin üç saz çaldy, konsertden soň özi barada şeýle gürrüň berdi:

– Saza ukyp maşgalamyzda diňe mende däl. Özümden uly agalarym Syýahat we Şowly, doganlarym Päkize hem Bibi adaty mekdebiň daşyndan sazçylyk mekdebine-de gatnadylar. Menem 7 ýaşymdan oňa gatnap ugradym. Larisa Illarionowna Orazmämmedowa meniň ilkinji mugallymym. Ol saz sowadynyň esaslaryny öwretdi, fortepianoda saz çalmaga höwes döretdi. 1-nji çagalar sazçylyk mekdebini tamamlanymdam soň, men Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirlen sazçylyk mekdep-internatyna okuwa girdim. Oňa meni çagalygymdan öýde saz çalmagy öwreden doganym Päkize taýýarlady. Ol häzir hem maňa maslahat berýär, çünki 6 ýyl bäri konsertmeýster bolup işleýär.

Mekdepde men fortepiano çalmagy öwreden Ida Grigorýewna Osipowa, garmoniýa mugallymy Elmira Raşidowna Aksýonwa we beýleki ajaýyp mugallymlara duşdum. Okaýan döwrüm aýratynam Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» pýesasyny we «Elegik prelýudiýasyny we fugasyny» ýerine ýetirmegi halaýardym. Daşary ýurt kompozitorlaryndan Frederik Şopeniň obrazlarynyň owazlylygy, nepisligi we röwşenligi bilen haýran edýän sazlaryny gowy görýärin.

Şu ýylyň sentýabrynda dostlarym Arslan Nobatow, Kirill Lebedew, Çaryýar Ataberdiýew we Kerim Gurbannazarow bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girdim. Häzir skripkaçy we altçy bilen dürli eseleri çalmagy halaýaryn.

Men boş wagtym küşt we şaşka oýnaýaryn, dzýudo bilen meşgullanýaryn hem-de kitap okamagy halaýaryn. Eziz Diýarymyzyň möhüm baýramçylyklaryň biri 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe çenli Daňatar Hydyrowyň «Do-diýez-minor sonatasyny» öwrenmegi maksat edinýärin.

Sahnada çykyş edýänem bolsamam, hatda 2016-njy ýylda geçirlen bäsleşigiň laureaty bolsamam, 9-njy noýabrda bolan konsertde Çerniniň «Tokkatasyny», Mendelsonyň «Lýa-minor etýudyny» we Bahyň üç sesli inwensiýalrynyň ikisini ýerine ýetirenimde biraz tolgundym. Çünki zalda mugallymlarym bardy. Konsertden soň mugallymymyz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow meniň şu etýudy çalşymy öwdi. Oň meniň işime ýokary bahasy we tomaşaçylaryň el çarpmalary meniň üçin iň ýokary sylagdy.