mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan metbugat duşuşygy geçirildi

view-icon 773
Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan metbugat duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan gysga metbugat duşuşygy geçirildi. Oňa Arkalaşyga agza döwletleriň Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalaryndaky hemişelik we doly ygtyýarly wekilleri, Belarusda hasaba alnan diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalaryndaky hemişelik ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew duşuşygy açmak bilen, 27-nji sentýabrda türkmen halkynyň öz esasy milli baýramyny – Garaşsyzlyk gününi belländigini aýtdy. Bu senä gabatlap, ýurtda garaşsyz Türkmenistanyň otuz ýyllyk ýoluny alamatlandyrýan 50-den gowrak önümçilik we jemgyýetçilik desgasy işe girizildi.

Diplomat iň möhüm taslamalar barada gürrüň berdi. Mysal üçin, Aşgabat şäheriniň gününde onuň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat siti” atly uly ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol paýtagtyň demirgazygynda gurlar we “şäheriň içindäki şäher” bolar. Taslama laýyklykda, “Aşgabat sitide” dürli maksatly iki ýüzden gowrak desga peýda bolar. Rahat ýaşamak hem dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan şäher infrastrukturasyny döreder.

Ene bir uly göwrümli taslama ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtoýoludyr. Taslama 2023-nji ýyla çenli doly tamamlanar. 2021-nji ýylda bolsa ýoluň uzynlygy 200 kilometrden gowrak bolan Aşgabat bilen Tejen şäherlerini birleşdiren birinji bölümi tamamlandy.

Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Kerki şäherinde hem şundan kiçi we ähmiýeti az bolmadyk taslama durmuşa geçirildi. Bu ýerde halkara howa menzili guruldy. Howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir we howpsuz hem netijeli howa ýolagçylygyny üpjün etmäge ukyplydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurtda häzirki zaman ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek ugrunda ýene bir ädim boldy.

Metbugat duşuşygyna gatnaşanlar diňe bir Türkmenistanyň binagärlikde ýetilen sepgitler barada eşitmek bilen çäklenmän, eýsem olary Nazarguly Şagulewiň gürrüňini tassyklaýan wideoşekillerde gördüler.

Diplomat durmuşa geçirilen taslamalaryň uly sanawynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin alnyp barylýan giň gerimli işlerden habar berýändigini belledi. “Hut iki gün ozal Babadaýhan etrabynda ýylda 5000 tonna pagtany gaýtadan işlemek üçin niýetlenen täze dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şol sebäpden, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan täze desgalary işe girizmek boýunça işleriň gutarmaýandygyny bellemek isleýärin. Ol 2021-nji ýylyň tutuş dowamynda alnyp barlar” diýip, Nazarguly Şagulyýew aýtdy.