mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky oýunlary

view-icon 2010
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky oýunlary
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňde barýan «Ahal» topary bilen arany 7-nji tapgyryň oýunlaryndan soň iki utuga çenli azaltdy.

Birinji aýlawyň jemleýji oýnunda «Ahal» «Merw» topary bilen duşuşanda oýnuň esasy wagtynyň gutarmagyna iki minut galanda ýeňişi elden giderdi. Arslanmyrat Amanowyň oýnuň 3-nji minudynda 11 metrlik jerimeden tora salan topuna «Merwiň» oýunçysy Amangeldi Saparow 88-nji minutda derwezä topy salyp jogap berdi, şeýlelik-de oýun 1:1 hasabynda gutardy.

Türkmenistanyň wise-çempionynyň dört oýun bäri ýeňiş gazanyp gelmeginiň arasynyň kesilmegi Balkanabatda «Nebitçiden» 2:1 hasabynda üstün çykan «Altyn asyr» üçin bähbit boldy. Türkmenistanyň häzirki çempiony oýnuň dowamynda Alybek Abdyrahmanowyň 23-nji minudynda derwezä dürs uran topundan soň 0:1 hasabynda utulýardy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary utuşy saklap bilmedi. Begmyrat Baýowyň (27-nji minut) we Merdan Muhadowyň (34-nji minut) derwezä salan toplary bilen «Altyn asyr» ýeňiş gazandy.

Bu oýundan soň 15 utuk toplan «Altyn asyr» ikinji orna çykdy. Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary paýtagtymyzda «Aşgabat» topary bilen 1:1 hasabynda oýnady we ol üçünji orunda barýar. Oýnuň birinji ýarymynda deňiz ýakasynyň futbolçylary Gurbangeldi Sähedowyň 15-nji minutda tora salan topundan soň 0:1 hasabynda utulýardy, emma, oýnuň 57-nji minudynda Kerim Hojaberdiýewiň goly geçen çempionatda bürünç medaly eýesi bolan «Şagadamy» utulmakdan halas etdi.

Birinji aýlawyň tamamlaýjy oýnunda Türkmenistanyň Kubogynyň finalçysy «Köpetdag» «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda Marynyň «Energetik» toparyny 4:1 hasabynda utdy. Bu oýunda Bagtyýar Gurgenow, Begenç Akmämmedow, Elýas Akyýew, we Ýagşysähet Döwletgeldiýew, «Energetik» toparyndan Garly Garlyýew tapawutlandylar. Bu ýeňişden soň «Köpetdag» 7 utuk bilen 4-nji orunda, «Energetik» bolsa 4 utuk bilen ýaryş tablisasynyň soňuny jemleýär

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy 8-nji oýunlar bilen 26-njy noýabrda başlanýar. Şonda «Merw» - «Şagadam», «Nebitçi» - «Ahal», «Energetik» - «Altyn asyr», «Aşgabat» - «Köpetdag» bilen oýnarlar.