mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen hünärmenleri AIW barlagynyň häzirki zaman usullary bilen tanyşýarlar

view-icon 532
Türkmen hünärmenleri AIW barlagynyň häzirki zaman usullary bilen tanyşýarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy türkmen hünärmenleri üçin häzirki zaman AIW (ВИЧ) barlagynyň usullaryny, hususan-da, «Cepheid GeneXpert» ekspress ulgamyny ulanmak boýunça okuw gurady.

«Cepheid GeneXpert» lukmançylyk hyzmatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen molekulýar anyklaýşyň dünýä boýunça esasy platformasydyr.

Bu, işiň gidişiniň çeýeliginiň, derňewleriň takyklygynyň we ulanylyş aňsatlygynyň täze standartlaryny kesgitleýän awtomatlaşdyrylan synag ulgamydyr.

«GeneXpert» ulgamy bolan barlaghanalar molekulýar barlagyň netijelerini almak üçin, birnäçe enjamdyr ýokary hünärli ýörite işgäre mätäç däl. “GeneXpert” ulgamy barlagyň netijesini, nusgany taýýarlamagy-da goşmak bilen, bir sagadyň dowamynda berýär. Her barlagda patentlenen kartrij tehnologiýasy ulanylýar.

Öz gezeginde, ulgamyň ykjam gurluşy barlagy islendik ýerde diýen ýaly geçirmäge mümkinçilik beýär.

«Cepheid GeneXpert» barlagynyň Türkmenistanda 2012-nji ýyldan bäri inçekeseli anyklamak üçin ulanylýandygyny bellemelidiris.