mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

«Altyn asyr» bilen «Köpetdag» Türkmenistanyň Superkubogy ugrunda bäsleşerler

view-icon 1965
«Altyn asyr»  bilen «Köpetdag»  Türkmenistanyň Superkubogy ugrunda bäsleşerler

23-nji noýabrda «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň Superkubogy ugrunda paýtagtymyzdan iki topar – Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Altyn asyr» bilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda çykyş eden «Köpetdag» duşuşarlar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar bermeklerine görä, Superkubogyň düzgünine laýyklykda, oýnuň esasy wagty deň tamamlansa, hersi 15 minutdan ýene iki taým oýnalar. Onda-da ýeňiji belli bolmasa, FIFA-nyň düzgünlerine laýyklykda, 11 metrlik jerime urgylaryndan Superkubogyň eýesi kesgitlener.

2005-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň döreden Superkubogy ugrunda duşuşyk ýurduň çempiony bilen Kubogynyň eýelän toparyň arasynda geçirilýär. Häzire çenli «Altyn asyr» oňa alty gezek, «Balkan» bilen HTTU toparlarynyň hersi -- üç gezek, «Aşgabat», «Merw» we «Ahal» toparlarynyň hersi – bir gezek mynasyp boldular.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Superkubogy ugrunda oýunda «Altyn asyr» 11 metrlik jerime urgularynda «Ahaldan» – 7:6 hasabynda ( oýnuň esasy wagty 1:1, 11 metrlik jerime urgularyndan --6:5) üstün çykypdy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň bu baýrak ugrunda bäsleşiklerde 2015-nji ýyldan bäri utulman gelýändigini bellemek gerek.