Ï Hytaý dili boýunça II olimpiadada 9 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriňem 40-sy belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý dili boýunça II olimpiadada 9 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriňem 40-sy belli boldy

view-icon 5012
Hytaý dili boýunça II olimpiadada 9 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriňem 40-sy belli boldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guran Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hytaý dili boýunça 2-nji Onlaýn-olimpiadasynyň netijeleri belli boldy.

Oňa gatnaşanlar iki ugurdan bäsleşdiler. Birinjide, hytaý dilini we edebiýatyny öwrenýänler, ikinjide - ýokary okuw mekdepleriniň beýleki ugurlaryndan hünär alýanlar güýç synanyşdylar.

Birinji ugurda Sabina Şöhratjanowa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Altyn Hanowa we Çynar Maksadowa (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty) ýeňiş gazandylar.

Şu ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary baýrakly orunlaryň 18-sine – ikinji orunlaryň 9-syna we şonça-da üçünji ýere mynasyp boldular.

Ikinji ugurda talyplaryň altysy – Şabibi Bäşimowa, Begenç Magtymgulyýew, Rüstem Gurbanow, Muhammet Goçmämmedow, Nurmuhammet Kadyrow, Ejegül Ýazylowa dagy ýeňiş gazandylar. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, ýurduň DIM-niň HGI-nyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplarydyr.

2-nji ugurda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri ikinji orunlaryň 9-syny we üçünji orunlaryňam 13-sini eýelediler.

Talyplaryň 13-si höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Olimpiada türkmen we iňlis dillerinde 1 tapgyrda geçirildi. Hytaý dili boýunça 1-nji Onlaýn-olimpiadany hem geçen ýylyň güýzünde HYYweÖU gurapdy.