Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbidinedir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbidinedir

view-icon 6501

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 18-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş edip, häzirki döwrüň hakykatynyň pandemiýa garşy bilelikde göreşmek we onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýandygyny nygtady.

Gynansak-da, ählumumy howpuň öňünde duran dünýä bileleşiginiň bu wehime öz wagtynda netijeli göreşip bilmändigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de dünýäniň ähli döwletleriniň aň-bilim, maddy, maliýe we beýleki serişdelerini birleşdirmegiň bu çökgünlik ýagdaýyny üstünlikli ýeňip geçmegiň ýeke-täk usulydygyna ynam bildirdi.

Biz koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ozal beýan eden başlangyçlaryny anyklaşdyrandygyny ýatlatdy. Biz, hususan-da, Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda koronawirusyň tebigy gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ulgamlaýyn işe girişmegi, bu ýokanjyň döredýän kesellerini bejermek we onuň öňüni almak meseleleriniň üstünde maksada gönükdirilen işleri alyp barmagy teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Golaýda Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) wekiliýeti ýurdumyzda boldy. Wekiliýete BSGG-niň Ýewropa sebitindäki adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit direktory hanym Dorit Nisan ýolbaşçylyk etdi. Onuň düzümine epidemiologiýa we epidemiologik gözegçilik, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de olar babatda çäreleri görmek, maglumatlary ýygnamak, daşky gurşaw we saglygy goraýyş, ýokanç däl keseller boýunça bilermenler girdiler.

Dürli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, saglygy goraýyş edaralarynda, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabr aýynda “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen bolan duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň bu foruma gatnaşyjylara Gutlagynda belleýşi ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Bütin dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmegi talap edýär. Lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygyny ýüze çykarýar. Türkmenistan dünýäde ilkinji ýurtlaryň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi. Ýurdumyz täze ählumumy ýokanjyň howpuna örän oňat düşünmek bilen, koronawirusa garşy göreşmek babatda özara ylalaşylan çözgütleri taýýarlamakda halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de sebitde bu ugurda anyk çäreleriň görülmegine ýardam berdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Türkmenistan — BSGG hyzmatdaşlygynyň «Ýol kartasynyň» taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak üçin ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny teklip etmekde we ylalaşmakda Pudagara iş toparynyň möhüm guramaçylyk orny nygtaldy.

Milli Liderimiziň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda eden çykyşy bilen baglylykda, türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň birnäçesi boýunça teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek baradaky teklip hem-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak baradaky çözgüt bar.

H.Klýugeniň Epidemiologiýa sebit merkeziniň taslamasy meýilleşdirilende hem-de ilerledilende “Bitewi saglygy goraýyş” konsepsiýasyny ulanmak baradaky teklibi, milli saglygy goraýşyň ilkinji ulgamynyň işini kämilleşdirmek, onuň maglumat binýadyny we “sanly lukmançylygy” ösdürmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan saglygy goraýyş we durnukly ösüş meseleleri boýunça Umumy Ýewropa komissiýasynyň (Monti komissiýasy) işini goldap, 2021-nji ýylyň mart aýynda komissiýa tarapyndan beýan edilen Hereketleriň çagyryşyna goşuldy. Bu komissiýa BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeniň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň sentýabrynda döredildi.

Türkmen hünärmenleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyndan kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň barşynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň täze rejelenen görnüşinde hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynda kesgitlenendigi nygtaldy. Bu resminamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň mart aýynda tassyklanyldy.

Maksatnamanyň esasy maksady saglygy berkitmäge we keselleriň öňüni almaga toplumlaýyn çemeleşmek bilen, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekden, ilatyň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmakdan, dünýä ülňüleriniň derejesinde ony ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu resminama gol çekip, amala aşyrylýan, bu möhüm strategik ulgamda düýpli özgerişliklere gönükdirilen işleriň çäklerinde döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmagyň, dünýäniň iň gowy önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlaryny satyn almagyň, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň, derman üpjünçiliginiň gurallaryny kämilleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Işjeň öňüni alyş işine, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine islegleriniň artmagyna hem-de zyýanly endiklerden el çekmeklerine aýratyn üns berilmelidir.

Şu ýyl tassyklanylan “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy, “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama, ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesele garşy göreşmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň täze Meýilnamasy ýaly resminamalarda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň aýry-aýry ugurlary anyklaşdyryldy.

Olarda dürli keselleriň öňüni almak, öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini we hilini gazanmak, milletiň genofonduny saklap galmak hem-de gowulandyrmak, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmak, lukmanlaryň hünär derejelerini, bilimlerini artdyrmak boýunça wezipeler, şeýle-de aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde işi ulgamlaýyn guramak maksady bilen, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň esasynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň düzümi yzygiderli giňeldilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Şolar ýurdumyzyň tutuş ilatyna häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryna deň mümkinçilikleridir elýeterliligi üpjün edýär.

Diýarymyzyň ähli sebitlerinde lukmançylyk-kesel anyklaýyş, “Ene mähri”, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», kliniki we ylmy-kliniki merkezler, köpugurly hassahanalar, şypahanalar guruldy hem-de ulanmaga berildi. Olar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Döwlet we döwlete dahylsyz guramalar enäniň we çaganyň, şol sanda goraga mätäç toparlaryň saglygyny goramaga aýratyn üns berýärler. Şu ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümleri täze “Tiz kömek” awtoulaglaryny aldylar. Gazna şeýle hem howandarlyga mätäç çagalaryň lukmançylyk operasiýalaryna serişdeleri yzygiderli bölüp berýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10-njy noýabrynda Balkan welaýatynda saglygy goraýyş ulgamynyň birbada iki desgasyny ulanmaga bermek dabarasynyň bolandygyny ýatlatmak ýerlikli bolar. Şol dabaralara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy açyldy. Ol Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Magtymguly etrabynda bolsa 50 stasionar we 30 ambulator orunlyk täze hassahana saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi.

400 orunlyk köpugurly hassahana-da ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyna goşular. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu aýda Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde bu hassahananyň tamamlaýjy tapgyrynyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň täze gurulýan saglygy goraýyş edaralarynda dürli keselleri anyklamak hem-de bejermek ulgamynda ylmy usullary, innowasion tejribeleri we ýokary takyk tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi olarda işleýän hünärmenleriň degişli hünär derejesini talap edýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary we derman senagaty kärhanalary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Dünýäde kabul edilen tejribä laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebi öz işinde bilim hem-de ylym meselelerini utgaşdyrmaga çalşyp, keselleri anyklamagyň, bejermegiň täze usullaryny işläp taýýarlaýar, milli saglygy goraýyş edaralarynyň işi üçin ylmy binýady kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak işi aspiranturada, doktoranturada okatmak arkaly amala aşyrylýar. Hünärmenleriň hünär taýýarlygy kafedralaryň binýadyndaky kliniki ordinaturada geçirilýär. Türkmenistan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we germaniýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatdaky tejribäniň çäklerinde, şu ýylyň 21 — 24-nji noýabry aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli topary Mýunhen şäherine, Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna sapara iberildi.

Köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde türkmen lukmanlary GFR-iň öňdebaryjy hassahanalarynda dürli ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyrýarlar, nemes hünärmenleri bolsa, ýurdumyza yzygiderli gelýärler. 2011 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanda we Germaniýada forumlaryň 9-sy geçirildi. Şolaryň gün tertibine saglygy goraýşyň möhüm meseleleri girizildi.

Halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň sanly ulgamynyň hem ösmegine ýardam edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde “Russiýanyň bilermenleri halkara ösüş üçin” Maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19-a garşy sanjym alan adamlaryň elektron sanawyny döretmekde ýardam berilýär. Elektron sanaw ministrlige sanjym alan ilatyň gurşawynyň möçberini kesgitlemäge we waksinalaryň getirilmegini meýilleşdirmäge mümkinçilik döreder.

Dünýäde indi iki ýyldan bäri dowam edýän koronawirus pandemiýasy ilatyň saglygyny goramak meselesiniň derwaýyslygyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň Hökümeti dörän howp babatda çaltlyk bilen degişli çäreleri görüp, howply ýokançdan goranmagyň köpderejeli ulgamyny döretdi hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň keselleriň öňüni alyş çäreleri babatdaky maslahatlaryny kabul etdi.

BSGG-niň ýurt edarasynyň işjeň gatnaşmagynda döwlet derejesinde koronawirus ýokanjy döräýjek ýagdaýynda Türkmenistanyň taýýarlygyny üpjün etmegiň we dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de tassyklanyldy. Çünki sanjymlar keseliň ýaýramagynyň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Ýurdumyzda eýýäm ilatyň 70 göterimden gowragyna sanjym edildi.

Keselleriň öňüni almak hem-de adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, Türkmenistanda azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik edilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

ÝUNISEF-niň we BSGG-niň tehniki taýdan goldaw bermeginde işlenip taýýarlanylyp, 2020-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy saglygy berkitmäge hem-de iýmitlenmek bilen bagly döreýän ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Şeýle hem ol saglygy goraýyş ulgamynyň işini keselleriň öňüni almak babatda üýtgedip gurmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça wezipeleri çözmek üçin pudagara gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň tagallalaryny goldamagy göz öňünde tutýar.

Şunda dünýäde emele gelen çylşyrymly epidemiologik ýagdaý bilen baglylykda, şu ýyl güýje giren “Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Kanun ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar, geljekde-de maksatlaýyn goldaw bermek babatda meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin töwekgelçiliklere we isleglere baha berdiler. BSGG-niň Türkmenistana 2020-nji ýylyň iýul aýynda gelen birinji wekiliýetiniň agzalary ýaly, bilermenler ýurtda ýokanjyň örän howpludygyna doly düşünilýändigini hem-de COVID-19-yň döremeginiň öňüni almak üçin netijeli çäreleriň görülýändigini bellediler.

BSGG-niň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyk getirilýändigini, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, ýüze çykarmak we bejermek boýunça işleriň yzygiderli kämilleşdirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, şu saparyň Türkmenistanyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýlelikde, häzirki döwürde Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, lukmançylyk diplomatiýasy, adamlaryň saglygyny goramak ulgamynda meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça ylmy maglumatlary alyşmakda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde baý tejribe toplaýar.