mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Gara gazmanyň gudraty

view-icon 1969
Gara gazmanyň gudraty

Ady rowaýata öwrülen, türkmen sazynyň şöhratyny Arşa göteren meşhur Şükür bagşynyň doglanyna şu ýyl 190 ýyl dolýar. 1931-nji ýylda ýüz ýaşa ýetip aradan çykan Şükür Dowat ogly, türkmen halkynyň hakydasynda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň keşbine onlarça gezek ýüzlenip, mundan 150 ýyl öň, ýagny 1871-nji ýylda bolup geçen wakanyň ähmiýeti giňden beýan edilýär.

Şol ýyl onuň agasy Eýran hanynyň nökerleri tarapyndan ýesir alnyp, zyndana taşlanýar. Söýgüli sazandalarynyň doganyny zyndandan azat etmek meselesinde obadaşlary ony ýeke goýmandyrlar. Adatça, şeýle ýagdaýlarda meseläni pul ýygnap, satyn almak ýa-da nöker jemläp, hanyň üstüne atly-ýaragly dökülmek arkaly çözüpdirler. Ildeşleriniň onsuzam kyn güzeranyny agraltmak islemedik Şükür, adam pidalaryna getrip biljek ýaragly çaknyşyga hem göwnemändir. Ol öz agasyny halas etmek üçin Eýran hanynyň üstüne hunsuz- ýaragsyz öz dutary bilen gitjekdigini aýdýar. Bu çözgüt ilki oňlanman geň görülse-de, ol türkmen sazy üçinem, Şükür bagşynyň özi üçin hem taryhy waka bolýar. «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitapda bellenilişi ýaly, dutary bilen Şükür bagşy garşydaşyň üstüne söweşmek, ýeňmek däl-de, gepleşmek, ylalaşmak, dil tapmak üçin gidýär. Bu oňa başardýar. Şol hereket Şüküri özi ýaly ussat bagşy-sazandalardan has belent we sarpaly derejä göterýär. Şol wakadaky Şüküriň çözgüdi we keşbi bolsa halkara gatnaşyklaryny guramagyň diplomatiýasy üçin hem ajaýyp nusga hasaplanýar.

Bu waka esasynda belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow «Şükür bagşy» powestini ýazýar. Kinorežisýor Bulat Mansurow hem adybir kinofilmi döredýär.

Şüküriň kämill derejä ýetmeginde meşhur Garadäli Gökleň hem goşant goşupdyr. Ýanyna gelen ýaş sazanda Şüküriň eline göwni ýeten Garadäli halypa ony 40-50 günläp öýünde saklap, tälim beripdir. Şüküre ömürlik hemra bolan gara gazmanyň kümüş perdelerini bogup berenem Garadäli Gökleň bolmaly.

Kämillige ýeten Şükür bagşy gara gazmasy bilen Ahalyň Gökdepe, Bäherden, Saragt, Tejen, Balkanyň Garrygala, Gyzyletrek etraplarynda, Maryda, Hywada ençeme toýlara gatnaşypdyr. Marynyň meşhur «Ýolbarsly» çaýhanasynda bolýan bagşylaryň şowhunly üýşmeleňlerine kän sapar myhman bolupdyr. Şükür bagşydan tälim we ak pata alan bagşy-sazandalaryň onlarçasy tanymallyga ýetişip, öz giň halypalyk ýollaryny döretdiler.

Danalar aýtmyşlaýyn, gudrat senetde däl, ol senetkärde. Senedine ussatlygy, akyl-paýhasy we uly gaýraty bilen agasyny we birnäçe ildeşini ýesirlikden alyp gelmegi başaran, hemişe at-ýaragly gatnalan howply-hatarly ýollary ilkinji bolup arkaýyn, goly dutarly geçen Şükür Dowat ogly hakykatdanam türkmeniň gara gazmasynyň gudratyny äleme göz eden milli gahrymandyr.