mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen kinosynyň wekilleri halkara kinofestiwalyna gatnaşýarlar

view-icon 2050
Türkmen kinosynyň wekilleri halkara kinofestiwalyna gatnaşýarlar

Belarus Respublikasynyň paýtagtynda «Листопад» XXVII Minsk halkara kinofestiwaly işläp başlady, onuň çäklerinde Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli kinostudiýalarynyň mejlisi geçirildi.

Şu ýylyň kinofestiwaly «Kino – agzybirligiň simfoniýasy» şygary astynda geçýär. Şonuň üçin hem 22-nji noýabrda bolan tegelek stolda kinostudiýalaryň ýolbaşçylary bilelikdäki kinotaslamalaryň geljegi, GDA agza ýurtlarda kino düşürmegi guramak we aktýorlar barada maglumatlaryň bütewi goruny döretmek barada pikir alyşdylar.

GDA ýurltarynyň milli kinostudiýalarynyň gazananlary bilen tanşyp, duşuşyga gatnaşanlar häzirki döwrüň kinosynyň syýasy, ruhy we medeni giňişlikde nähili bolmalydygy temasyna degip geçdiler. Soňky ýyllarda kino dünýäsinde uly özgertmeler boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem Minsk halkara kinofestowalyna gatnaşýanlar-da GDA ýurtlarynyň kinoprokatynyň täzelikleri bilen tanşyp bilerler.

«Листопад» kinofestiwaly 26-njy noýabra çenli dowam eder, festiwala 45 ýurtdan filmler hödürlendi.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginden bäsleşikden daşary iki iş – režisýor Arslan Eýeberdiýewiň «Durmuş kyssalary» çeper filmi we «Dutaryň owazy» dokumental filmi görkeziler.