Ï Garagyş hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gara gyş hakynda

view-icon 34208
Gara gyş hakynda

Türkmenleriň milli ýyl senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyz gyş paslyny dörde bölüpdirler. Akrabyň gutarmagy bilen howanyň sowamagy gara gyşyň gelendigini mälim edýär. Gara gyş noýabr aýynyň 23-inden başlap 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Türkmen halkynyň baý döredijilik mirasyna nazar aýlasaň, her bir tebigy hadysalary öz parasatly pähimlerinde beýan edip, soňky nesillere miras goýupdyrlar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýilmeginiň hem uly manysy bar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem «Agşam nanyny az iý, gyş gamyny ýaz iý», «Gün parlap çyksa-da, gyşyň güni ýaz durmaz...», «Ýagşy gelsem, gazan-gazan süýt, Ýaman gelsem, kellebaşaýak üt» diýenmiş, gyş», «Ýylyň ýyldan, gyşyň gyşdan parhy köp», «Ataş kenary, gyş gününiň lälezary», «Gyş arryk alma, ýaz – ýagyr» ýaly gyş hakyndaky pähimlere uly orun berlipdir.

Gyş paslynda gar-ýagyş ýeterlikli derejede bolsa, onda ýaz pasly hem bereketli gelýär. Gyşda ýagan gar göýä ekin-dikine dökün berlen ýaly gowy täsir edýär. Ekinleriň kökleri topragyň çuňluklaryndaky peýdaly maddalar bilen iýmitlenip, ekin dürli kesellere çydamly we sagdyn bolýar.

Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, gar ýerde näçe köp ýatsa, şonça-da peýdalydyr. Dogry, garly howa öri meýdanlarynda käbir kynçylyklary döredýär, emma geljek ýazda otuň ösüşi başgaça bolýar. Hatda täze doglan guzularyň otuň içinde görünmän galýan halatlary-da bolýar. Hut şonuň üçin-de gyşda ýagan gar bereket hasaplanýar.

Dana pederlerimiziň döredijiliginden hem-de zehininden kemal tapan matallarda hem gyş pasly, gar we aýaz öz beýanyny tapypdyr. Ýaz hem-de gyş hakynda «Öýümiziň arkasynda iki ýagly çybyk, birisi ̶ otdan, birisi ̶ buzdan», aýaz, aýazyň suwy doňduryp, dürli şekilleri ýasaýşy hakynda «Aýaksyz, elsiz – surat çeker», gar, ýer, ýeriň hasyl bermegi hakynda «Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz» ýaly matallar hem aýdylanlara mysal bolýar.