Ï XV asyryň «Gözellik öýi»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

XV asyryň «Gözellik öýi»

view-icon 3128
XV asyryň «Gözellik öýi»

Aşgabadyň etegindäki Änew obasynyň golaýyndaky beýik baýyrda bina edilen Seýit Jemal ed-Din orta asyr metjidi 1948-nji ýylyň ýer titrremesinde weýran bolýar. Şeýle bolsa-da, häli-häzire çenli zyýarat edilýän bu ýeriň binagarlik ähmiýeti hem bar. Toplumda: metjit, onuň öňündäki gubur we beýik gümmezli iki zal bar.

Bu özboluşly bina XV asyryň ortasynda gurlupdyr. Metjidiň portalynyň ýokarsyndaky ýazgyda onuň hijriniň 860-njy ýylynda, ýagny milady ýyl hasaby boýunça 1456-njy ýylda soltan Abul Kasym Baber Bahadur hanyň döwründe gurlup tamamlanandygy ýazylypdyr. Saklanyp galan beýleki ýazgylarda kakasy Jemal ed-Diniň hatyrasyna Muhammet diýen biriniň serişdesine «Gözellik öýüniň» gurlandygy aýdylýar. Topluma bagyşlanan düýpli ylmy barlagyň awtory akademik Galina Anatolýewna Pugaçenkowa ony wezir Muhammet Hudaýdatyň gurdurandygyny, onuň kakasynyň mazarynyň binaynyň gapdalyndadygyny kesgitledi.

Metjidiň beýik portally girelgesi bolupdyr. Ondan soň ýüz inedördül metre golaý dörtburç otag bar. Otagda mehrab bar. Eýýäm XIX asyryň ahyrynda toplum dikeldişe mätäç ekeni: diwarlarynda ullakan yşlar peýda bolupdyr.

Akademik Pugaçenkowa demirgazyk girelgäniň çyzgysynda minaranyň beýik iki gatlydygyny belläpdir. Portalyň ýokarsynda iki aždarha şekillendirilipdir. Ondaky ownuk bezegli ösümlik şekilleri bol hasyllylygy aňladypdyr.

Merkezi Aziýada metjitde aždarha çekilen başga ýer ýokdur. Galina Pugaçenkowa olaryň peýda bolmagyny şeýle düşündiripdir: «Ol XV asyr Änewiň töwereginde ýaşan türkmen taýpasynyň totemidir, belki, şeýh Jemaleddinem olardan bolsa gerek».