mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

«Altyn Asyr» topary ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

view-icon 2699
«Altyn Asyr» topary ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy
camera-icon
tff.com.tm

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» 2:0 hasabynda utup, taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk döwletimiziň çempiony bilen Kubogyny eýelän toparyň arasynda geçirilýär. Geçen ýyl «Altyn asyr» Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogy ugrunda ýaryşda ýeňiş gazanypdy. Şonuň üçin hem üçünji ähmiýetli baýrak ugrunda göreşde ol 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda çykyş eden «Köpetdag» bilen duşuşdy.

Toparlar 2019-njy ýylda-da Türkmenistanyň Naýbaşy ugrunda duşuşypdylar. Şonda hem «Atyn asyr» 2:0 hasabynda utupdy.

Çempion bilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda çykyş eden toparyň oýny köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady.

Arakesmeden soň, 53-nji minutda Begmyrat Baýow toparyň kapitany Ahmet Ataýewiň meýdançanyň çep gyrasyndan uran jerime urgusyny kellesi bilen derwezä dürs gönükdirip, hasaby açdy. 68-nji minutda bolsa Selim Ataýew hasaby artdyrdy.

Netijede «Atyn asyr» topary Türkmenistanyň Superkubogyny eýeledi. Topary şeýle üstünlige Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ýetirdi. Ol öz wagtynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary bilen bu baýragy üç gezek eýeläpdi, indem bassyr ýedinji gezek «Atyn asyr» bilen üstünlik gazanýar.