Ï Aşgabadyň özüneçekijiligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň özüneçekijiligi

view-icon 5915
Aşgabadyň özüneçekijiligi

Aşgabadyň tebigatyň we adamlaryň tarapyndan döredilen aýratyn özüne çekijiligi bar. Syn edip görseňiz, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hiç haçan howlukmaýarlar. Howlukmak halkymyzyň mahsus häsiýeti däl. Bu häsiýetimiz barada geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanda bolan şahyr Wladimir Lugowskoý uly hormmat we mähir bilen gürrüň berýärdi. «Türkmenistan ony jadylapdy. Türkmenistanyň gözelligini, bu gadymy halkyň adamlaryny ol hiç haçan unutmaz...» diýip, ol barada başga bir şahyr – Nikolaý Tihonow gürrüň berýärdi.

Eziz Diýarymyz elmydama öz açyk göwünliligi, myhmansöýerligi, salyhatlygy bilen tapawutlanýardy. Medeniýet, sungat işgärleri, alymlar ýurdumyza köp gelerdiler. Olaryň käbiri bu ýerde onlarça ýyllap işlärdiler hem ýaşardylar. Meselem, ýazyjy Wladimir Karpow, suratkeş Walentina Hmelewa, artist Lýusýena Owçinnikowa, kompozitor Adrian Şapoşnikow, dünýä belli alym-etnolog we arheolog Georgiý Markow, şahyr we artist Leonid Filatow. Käbirleri bolsa hemişelik ýaşamana galypdyrlar. Olardan meşhur neýrohirurg Boris Smirnowyň, ajaýyp suratkeş we tanymal seçgiçi Olga Mizgirewanyň, suratçy Nikolaý Şapowyň atlaryny agzap bolar.

Ýakyn we alys ýurtlardan meşhur estrada artistleri, sazandalar, kino artistleri Aşgabada ýygy-ýygydan gelýärler. Paýtagtymyzda olary mähirli we gyzgyn garşy alýarlar. Olar žurnalistler bilen uly höwesli söhbetdeş bolýardylar. Oleg Dal, Nina Sazonowa, Liýa Ahejakowa, Oleg Striženow, Igor Starygin, Waleriý Nosik, Georgiý Burkow, Lýudmila Kasatkina we beýleki teatr we kino artistleri bilen söhbetdeşlikler guraldy.

«Şerlok Holms we doktor Watson» filminde doktor Watsonyň keşbini ýerine ýetiren Witaliý Solomin bilen duşuşyk ýadyma düşýär. Artistyň çykyş edýän zalynda ýer ýokdy. Witaliý Mefodiýewiç filmde Watsonyň keşbine girişmegi, teatrda ýerine ýetiren keşpleri, maşgalasy, dostlary, meýilnamalary barada gyzykly gürrüň beripdi. Soňra ol tomaşaçylaryň köpsanly soraglaryna jogap beripdi. Duşuşyk tamamlanandan soň, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna türkmençe «sag bol, sag bol» diýip, minnetdarlyk bilen jogap gaýtarypdy.

Men hem žurnalist hökmünde söhbetdeş bolmak isleýändigimi aýtdym. Biz uzak wagtlap Aşgabada gezelenç etdik, şäher seýilgähindäki we kafede oturdyk. Soňra myhmanhana dolanmak wagty gelip ýetdi.

— Gel, ýene bir azajyk şäherde gezelenç edeli. Meniň myhmanhana dolanasym gelmeýär. Moskwada şu wagt howa sowuk, çygly, bärde bolsa şeýle mylaýym howa bar. Şäheri hem gowja synlasym gelýär – diýip, Solomin teklip etdi.

Biz ýene-de şäherde aýlanmaga başldyk. Men myhmana şäheriň gözel künjeklerini görkezdim, kyrk sekizinji ýylyň ýer titremesi barada gürrüň berdim. Şonda Aşgabat tutuşlygyna diýen ýaly weýran bolupdy. Şonda ol kellesini ýaýkap : «Şular ýaly şeýle şäheri ýigrimi – otuz ýylyň içinde täzeden gurmak mümkinmi? Bu ýerlerde boşluk meýdan bolandygyna ynanar ýaly däl. Şäher şeýle oňaýly. Gel ýene biraz gezelenç edeli...» – diýipdi. Myhmanhana Watson ýary gije dolandy.

Soň bir gün Artist Georgiý Burkow Aşgabada aýaly – artist Tatýana Uharowa bilen geldi. Olar Solominiň bolan myhmanhanasynda ýerleşdiler. Tomaşaçylar bilen geçirilen agşamky duşuşykdan soňra men söhbetdeş bolmak barada haýyş etdim. Biz söhbetdeşligi myhmanhanada geçirmegi makulladyk. Sebäbi güýçli ýagyş ýagyp durdy. Ol ýerde bizi Burkowyň ýanýoldaşy, Tatýana Sergeýewna garşy aldy.

Biz kürsülere ýerleşdik, men sorag berýärdim, Burkow jogap berýärdi hem-de ýagyş sebäpli şähere gezelenç edip bilmeýanine gynanýardy.

— Zeleli ýok, ertir howa gowy bolar. Bizde ýagyşlar uzak ýagmaýar – diýipdim.

— Şonda Tanýa maňa şäheri görkezer. Ol maňa söz beripdi – diýip, Burkow aýalyna bakdy.

— Siz näme, bärde öň bolupmydyňyzmy? - diýip, men artistyň aýalyndan soradym.

— Hawa, Tanýa «Türkmenfilm» studiýasynda «Ot bolmasa, tüsse çykmaz» filmde surata düşüpdi we Aşgabat barada köp gyzykly zatlar gürrüň beripdi – diýip, Burkow aýalynyň ýerine jogap berdi.

Şonda men kolhoz işgärleri bilen göreşýän gyzjagazly filmi ýadyma düşürdim. Şol filmde Tatýana Uharowa bilen Spartak Mişulin hem oýnapdy.

Adamlar has gowy ýadymda galdy – diýip, Tatýana Sergeýewna aýtdy – Biziň kino toparymyz Aşgabadyň etegindäki oba hojalyklarynyň birinde işleýärdi. Şonda arakesmelerde, owadan eşikli oba aýallary bize gyzgyn nahar – çorba, palaw, tamdyr çörek, süzme, süýt, miwe, garpyz, gawun getirerdiler. Kimdir biriniň görkezmesi boýunça däl-de, meýletin getirerdiler. Bizi her gün bir öýden başga öýe myhmançylyga çagyrardylar. Olaryň bize goýan sylag-hormatyny men hiç haçan unutmaryn. Işden boş wagtymyz Aşgabada gezelenç ederdik. Şonda meniň göwnüme şäher öz ýaşaýjylary ýaly – asuda, mylaýymdy. Men birnäçe ýyl daşary döwletleriň birinde ýaşadym. Näçe köp ýaşadygymça-da, şonça Aşgabady küýsedim. Günleriň birinde uçara mündüm-de, öýe gaýtdym. Uzak günläp, dogup, önüp ösen şäherimiň köçelerinde aýlandym, meni entek unutmadyk agaçlary elläp gördüm. Şäheri taşlap gidip bolar, ýöne şäher seni taşlamaz.