Ï Dehistan — taryhy ýadygärlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dehistan — taryhy ýadygärlik

view-icon 14349
Dehistan — taryhy ýadygärlik

Dehistanyň, başgaça aýdylanda, Maşat-Misserianyň harabalyklaryny 1830-njy ýylyň ýazynda gözi bilen gören ilkinji ýewropaly Britan Gündogar Hindistan kompaniýasynyň ýaş serkerdesi leýtenant Artur Konolly bolupdyr. Ol dynç alyşdan soň gulluk edýän ýerine, Hindistana Moskwanyň, Kawkazyň we Eýranyň üsti bilen gaýdyp barýardy. Günortadan Hazar deňziniň daşyndan aýlanyp, ol kerwen bilen Garagum sährasyna tarap ugraýar. Konolly maksadyna ýetip bilmändir — juda howply ýola gadam basan ýaş serkerde gadymy näbelli şäheri açypdyr. Maşat-Misserian barada ilkinji maglumatlar, şeýle hem bu şäher bilen baglanyşykly halk rowaýatlarynyň beýany-da hut Konolla degişlidir.

Şondan soňky kyrk ýylyň dowamynda şäheriň harabalyklary barada bary-ýogy birnäçe adam sanlyja ýazgy galdyrypdyr, ýöne olaram gysga we ýüzleýdi. Dehistan bilen 1875-nji ýylda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy şäheri) harby bölüminiň poruçigi Şetihin Dehistan harabalyklarynyň suratyny çekip, bu suratlary şol döwrüň iň meşhur rus hepdelik — «Wsemirnaýa illýustrasiýa» žurnalynda çeper makalasy bilen birlikde çap etdiren soň, içgin gyzyklanyp başlapdyrlar.

Maşat-Misserianyň ilkinji fotosuratlaryny Zakaspiý oblastynyň başlygy general Aleksandr Komarow alypdyr. Ol Türkmenistanyň arheologiýasyna, etnografiýasyna we tebigatynyň öwrenilişine bagyşlanan işleri bilen meşhurlyk gazanypdyr. Şäheriň başga bir surat toplumy XX asyryň başynda podpolkownik — soň general we Merkezi Aziýanyň taryhy we arheologiýasy boýunça meşhur gözlegçileriň biri bolan Boris Kastalskiý tarapyndan düşürlipdir.

Dürli çyzgylaryň, fotosuratlaryň we neşirleriň bolmagy hem goralyp saklanmagy häzirki zaman dikeldijilerine Dehistandaky ýadygärlikleriň öňki durkyny ýokary derejede täzeden dikeldip biljekdiklerine umyt baglamaga mümkinçilik berýär.

Bu subutnamalaryň näderejede ähmiýetlidigini ýönekeý mysal subut edýär. Poruçik Şetihin 1875-nji ýylda metjidiň henizem a:rka bilen sepleşip duran durkundaky bölegiň ýüzündäki arap ýazgysyny okap bilmän, ony köşgüň derwezesi hökmünde çak edipdir. Eýsem-de bolsa, gudrat bilen bitin galan bölegiň ýüzündäki ýazgy binany kimiň, haçan we näme üçin gurandygyny anyklamaga mümkinçilik berýän seýrek hadysady. Göm-gök syrça bilen syrçalanan kerpiçden ussatlyk bilen ýazylan ýazgyny geljekki akademik Aleksandr Semýonow 20-nji asyryň başynda okap, rus diline terjime edipdir. Görlüp oturylsa, metjit Horezm şa Muhammet II-iň döwründe gurlan eken. 1200 – 1220-nji ýyllarda paýtagty Gürgenç (Köneürgenç) bolan Muhammet şa II Dehistanyň çägini hem öz içine alýan ägirt uly imperiýany dolandyrypdyr.

ХХ asyryň görnükli alymlary, akademikler Wasiliý Bartoldyň, Aleksandr Semýonowyň, Mihail Massonyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ülkäniň taryhyny öwrenmek kem-kemden ýola goýlup başlanýar.

Dehistanyň topraklary takmynan üç müň ýyl ilata hyzmat edipdir. Ýöne bu döwür dowamly bolmandyr: özleşdirlen ekin meýdanlarynyň taşlanyp, asyrlardan soň gaýtadan dikeldilen döwürleri hem bolupdyr.

Baryp-ha geçen asyryň ortalarynda arheolog Wadim Masson Dehistan oazisiniň üç taryhy döwrüni kesgitledi. Olaryň iň irkisi bürünç asyryna (miladydan öňki II müňýyllyga) degişlidir we gadymyýetiň ahyryna, ýagny Parfiýa döwleti synýança dowam edipdir.

Ikinji döwür Sasaniler döwleti bilen baglanyşykly bolup, täze eýýamyň III –VII asyrlaryny öz içine alýar. Bu döwür dürli çarwa taýpalarynyň, şol sanda gadymy türkleriň-de Dehistana aralaşan döwrüdir. Olara degişli obalaryň depeler görnüşindäki haraba öwrülen galyndylaryny şu gün Maşat-Misserianyň tekiz giňişliginde görmek bolýar.

Iň soňky, üçünji döwür — XIV asyra çenli — iň täsirli yzlary galdyrypdyr. Orta asyra degişli Dehistanyň köp sanly harabaçylygy sebitiň bu ýerlerden suw çekilýänçä, ilatynyň näderejede gür bolandygyndan habar berýär.

Dehistanyň üsti bilen Horezmden Persiýa barýan kerwen ýoly Uzboýuň häzirki hanasynyň ugry, gadym döwürde bolsa Amyderýanyň Hazara guýýan bir golunyň ugry bilen geçipdir.

Indi birnäçe ýyl bäri Dehistanyň ýadygärliklerini gorap saklamak ugrunda üstünlikli iş alyp barýan we ýakynda metjidiň durkyny dikeltmek boýunça taslamany tamamlan arheologlar, heniz gadymy oazisiň ýadygärlikleriniň öz öňlerinde goýýan köp sanly çylşyrymly meselelerini çözmeli bolarlar.