Ï Energiýadan netijeli peýdalanmagyň halkara ölçegleri – Aşgabatda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Energiýadan netijeli peýdalanmagyň halkara ölçegleri – Aşgabatda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy

view-icon 3405
Energiýadan netijeli peýdalanmagyň halkara ölçegleri – Aşgabatda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy

Energiýadan netijeli peýdalanmagyň halkara ölçegleri we ÝHHG-na gatnaşýan döwletleriň energiýahyzmat kompaniýalarynyň (ESKO) öňdebaryhy tejribeleri –Aşgabatda geçirilen ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminara Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmensitanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) talyplarydyr mugallymalry gatnaşdylar.

Ukraindan halakra bilermenleriniň ikisi ESKO taslamarlyny durmuşa geçirmekde öz köpýylllyk tejribelerini gürrüň berdiler we energiýanetijeli çözgütlere garadylar. Olar energiýaserwis şertnamalarynyň konsepsiýasy, oalryň telekeçilik-nusgasy we maliýelşdirilişi, şeýle hem energiýanetijeligi ölçemegiň we werifikasynyň usullary bieln tanyşdyrdylar.

«ÝHHG energiýa serişderlinirini durmukly dolandyrmagyň diňe bir ÝHHG sebitinde däl, eýsem tutuş dünýäde häzirki döwrüň esasy wehimleriniň biridigini ykrar edýär. Şu meselelri çözüp, gurama şol sanda energiýanetijelige, energiýa howpsuzlygyna we energiýanyň dikeldiýän çeşmelerini ösdürmäge ýardam edip, nergetika pudagynda degerli dolandyryö meseleleri boýunça giň gatnaaşykar üçin meýdança berýär» - diýip ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor aýtdy.

«Hut şonuň üçinem ÝHHG-na gatnaşýan döwletleriň köpüsi ESKO energiýatygşytlaýjy taslamalary durmuşa geçirmek arkaly energiýanetijeli çözgütleriň giň görnüşini üpjün edýän telekeçilik-nusgasyny işläp taýýarladylar» - diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu çäre ÝHHG-nyň Merkeziniň energiýanetijelik babatda Türkmenistanyň hökümeti bieln hyzmatdaşlygyň dowamydyr.