Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

view-icon 6023
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry)

Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Biz bu forumyň geçirilmegine ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys.

Ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny bellemek isleýärin. Şu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Bu gurama bilen bilelikdäki işimiziň uly tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu gurama agza döwletleriň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Bu, meniň pikirimçe, köpugurly hyzmatdaşlyga oňyn ýardam berýär, ony baýlaşdyrýar, biziň umumy işlerimizi goşmaça berkidýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bilelikdäki işleriň degişli derejede ilerlemegi, täze döredijilikli başlangyçlar bilen doldurylmagy üçin ähli tagallalary etdi. Başlyklyk etmegiň işlenip taýýarlanan Konsepsiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz onuň durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli işleri amala aşyrdy. Pursatdan peýdalanyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere şu döwürde Türkmenistana ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýär. Häzirki döwürde bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär. Bu işe öz wagtynda we işjeň goşulmak zerur bolup durýar. Munuň üçin bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ulanyp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, energetika ugurlaryny emele getirmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmeli. Ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimiziň şulardan ybarat bolmalydygyna ynanýaryn.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler degişli ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünýär diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda biziň ýurdumyzyň durnukly ulag we energetika howpsuzlygy boýunça öňe sürýän taslamalaryny agza döwletleriň yzygiderli goldamagy muny aýdyň tassyklaýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň birnäçesi bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle goldaw üçin biz minnetdarlyk bildirýäris, oňa mundan beýläk-de netijeli ädimler üçin oňat esas hökmünde garaýarys.

Bu başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda hereket etmek bilen, biziň ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň birnäçesi bilen soňky ýyllarda iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge girişdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde amala aşyrylýar.

Türkmenistanda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar.

Agzalyp geçilen taslamalaryň biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldigine ynanýaryn. Häzirki döwürde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky giňişlikde hem, olaryň çäklerinden daşyna çykylanda hem goşmaça energetika we üstaşyr ulag geçelgeleri gerek. Biziň pikirimizçe, bu babatda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly döwletara birleşikler bilen bir maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur bolup durýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda üpjünçilik ulgamlarynyň iri taslamalarynyň amala aşyrylmagy yklymda täze geoykdysady giňişligi döretmekde ýokary hilli öňegidişlik bolar diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Munuň özi hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar, iri maýa goýumlary çekýär, birnäçe möhüm durmuş meselelerini çözýär.

Bu işlere Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn bellemek isleýärin. Şeýlelik bilen, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler. Şunda biz Owganystan üçin strategik geljegi, sebit we ählumumy ýagdaýlarda onuň ornuny, parahatçylygy gazanmakda möhüm şerti, owgan topragynda ylalaşygy we ösüşi görýäris. Şeýle hem şu ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwerlik kömeginiň berilmelidigine ynanýaryn.

Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip edýärin. Biz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenarýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardygymyzy mälim edýäris.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliklerinde beýleki üpjünçilik ulgamlarynyň, hususan-da, awtomobil we demir ýol pudaklarynyň taslamalaryny amala aşyrmagyň anyk geljegini görýäris.

Biziň guramamyzyň çäklerinde awtomobil, demir ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek işini işjeňleşdirmek zerur diýip hasap edýäris.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Söwdany ösdürmek biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda umumy söwda dolanyşygy 49,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkeziji bar bolan bilelikdäki mümkinçilikleri doly açyp görkezmeýär.

Söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli we depginli ösdürmegi üpjün etmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalary etmegiň netijeli usulyny döretmek barada düýpli oýlanmaly. Biziň ýurtlarymyzyň telekeçilik bileleşikleriniň, şol sanda orta we kiçi işewürligiň işjeň ornuna bil baglamaga doly haklydyrys diýip hasap edýärin. Gürrüň senagat harytlary, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy, beýleki ugurlar boýunça kooperasiýalaryň dürli görnüşlerini ýola goýmak barada barýar. Işewürlik gatnaşyklaryny doly derejede ösdürmekde telekeçilige ýardam bermeli, olary degişli bank-maliýe ugrukdyrmasy bilen üpjün etmeli. Zerur bolanda, degişli ýeňillik ulgamyny we söwda amallaryny amala aşyranda, ýeňillikleri döretmeli.

Serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklary möhüm orny eýelemelidir. Bu ýerde biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däpleri, toplanan gymmatly tejribesi bar. Bu bolsa häzirki zaman hakykatyny göz öňünde tutup, ulanylmagyny we baýlaşdyrylmagyny talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk kadalary esasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýöriteleşdirilen işewürlik düzümlerini döretmegiň üstünde işlemek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Bu düzümleriň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň bähbitlerine bir maksada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi.

Häzirki döwürde, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalary peýdalanmak, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak bilen, özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmek ýokary derejede möhüm wezipe bolup durýar. Men biziň sebitlerimiziň ählisinde innowasion ösüş üçin mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýaryn. Tagallalary birleşdirmek umumy bähbitlere laýyk gelýär. Bu bolsa bize täze tehnologik kadalary bolan bütindünýä ykdysadyýetiniň örän uly bäsdeşlige eýe bolan gurşawyna goşulmaga mümkinçilik berer.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy. Ol ýa-da beýleki döwletiň ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt we aýdyň ýüze çykdy. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri, usullary we işläp taýýarlamalary, özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmaga örän ýakyn wagtlarda girişmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Bizde bu ugurda birek-birege teklip etmek üçin köp zat bar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen utgaşdyrylmalydyr. Medeni çäreleri, sungat festiwallaryny, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda geçirmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklarynyň ulgamlaýyn meýilnamalaryny, bilelikdäki syýahatçylyk maksatnamalaryny, sport ýaryşlaryny guramagyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýäris.

Hormatly kärdeşler!

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Türkmenistan, umuman, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň depginli häsiýete eýe bolýandygyny, onuň sebit hyzmatdaşlygyna oňyn täsir edýändigini belleýär. Häzirki döwürde bu gurama uly hormata, at-abraýa eýe bolan halkara ykdysady düzüme öwrüldi we bütin dünýäde ykrar edildi. Guramanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda oňa agza ýurtlaryň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi. Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin möhüm ähmiýetli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyryldy.

Esaslandyrylanda onuň binýatlyk esasynda goýlan kadalara we maksatlara gyşarnyksyz eýermegini dowam etdirendigi we dowam etdirýändigi bu guramanyň işiniň örän möhüm netijeli şerti boldy. Bu gurama oňa täze agzalar goşulanda we özüniň häzirki düzüminiň emele gelen döwründe hem bu kadalara we maksatlara eýermegini dowam edýär. Men guramanyň ykdysady hyzmatdaşlyk guraly hökmünde öz esasy ugruny saklap galýandygyny göz öňünde tutýaryn. Bu kada üýtgewsiz galmalydyr. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň beýleki halkara we sebit düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk edip, öz daşarky gatnaşyklarynyň gerimini yzygiderli giňeldýändigi guwandyryjydyr.

Biz — agza ýurtlar bu netijeleriň ählisini bilelikde toplan oňyn tejribämize doly hukukly goşup bileris. Ýöne wagt bir duran ýerinde durmaýar, döwür üýtgeýär. Ol bizden häzirki zaman şertlerini, dünýä ykdysadyýetindäki ösüş meýillerini, sebit ýagdaýlarynyň ösüşiniň we ugurlarynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, guramanyň işinde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Şeýle şertlerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstüne onuň özboluşly aýratynlyklaryna, täsin geoykdysady ýagdaýyna laýyk gelýän aýratyn wezipeler ýüklenilýär. Men Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň taryh we geografiýa, däpler we gymmatlyklar arkaly baglanyşan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde, bar bolan hakyky artykmaçlyklaryňdyr umumy bähbitleriň esasynda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin tebigy ölçeg babatda birleşdiriji esasyndan ähli gatnaşyjylaryň ugur alýandygyna ynanýaryn.

Hormatly döwlet ýolbaşçylary!

Şu günki duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge niýetlenendir. Şeýle hem geljek döwürde bilelikdäki işiň ugurlaryny kesgitlemegi maksat edinýär. Häzirki döwrüň örän anyk we hakyky ýagdaýlaryndan ugur alýan çözgütleri işläp taýýarlamaly. Biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede goşulmagyna itergi berýän, agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegine we halklarynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýän özara hyzmatdaşlygyň usullaryny we görnüşlerini döretmegi talap edýär.

Men Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda bar bolan mümkinçilikleriň strategik maksatlara çykmak, bilelikdäki giň möçberli taslamalary amala aşyrmak üçin bize doly esas berýändigine ynanýaryn.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, hormatly jenap Husraw Nozirä biziň işimizi başarnykly we netijeli utgaşdyrýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň dowamynda seredilmegi teklip edildi.

2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde bu Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara ähmiýetli Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde 10 sany döwlet çykyş etdi.

Men siziň hemmäňizi bu taryhy waka, şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize hyzmatdaşlygymyzy berkitmekde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Men size guramamyzyň 15-nji sammitiniň işine işjeň gatnaşandygyňyz, onuň dowamynda örän manyly çykyş edendigiňiz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Şu günki duşuşygymyz gurama agza döwletleriň ählisiniň hyzmatdaşlyk we ýakyndan özara hereketler ýoly bilen mundan beýläk-de gyşarnyksyz öňe gitmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwerlik ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny we örän uly isleg bildirýändiklerini görkezdi.

Duşuşykda köp sanly teklipler, peýdaly garaýyşlar we baha bermeler beýan edildi. Olar, gürrüňsiz, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlär.

Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy biziň guramamyzyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezdi. Onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryň iri, täsirli düzüm bölegi hökmünde häzirki zaman dünýä we yklym işlerine işjeň hem-de netijeli gatnaşmaga ukyplydygyny subut etdi. Durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge we öňe gitmäge ýardam etmäge ukyplydygyny aýdyň görkezdi.

Sammit Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yzygiderli berkidilmeginiň, onuň ykdysady kuwwatynyň, logistik mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň, senagat kooperasiýasynyň netijeli usullarynyň emele getirilmeginiň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň, bu ugurdaky ähli tagallalaryň ýurtlarymyzyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýändigini, ykdysady we durmuş ösüşiniň maksatlaryna, adamlaryň durmuşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi.

Men biziň bilelikde iň çylşyrymly wezipeleri çözmäge ukyplydygymyza ynanýaryn. Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, bütindünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýlarynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň anyk mysallaryny, el-ele berip öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler. Muny şu günki sammit hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge berk eýerýär. Biz guramamyza agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek syýasatyny dowam etdireris, guramanyň ornunyň we abraýynyň ýokarlanmagyna hemişe ýardam bereris.

Biz şu günki duşuşygyň netijelerinden uly kanagatlanma bildirýäris. Türkmenistana bu gurama başlyklyk etmeginiň dowamynda, şeýle hem şu sammiti geçirmäge taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda berlen goldawa ýokary baha berýäris.

Sözümiň ahyrynda size Türkmenistanyň we türkmen halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler, halkara başlangyçlarymyzy goldandygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bularyň ählisi guramamyzyň çäklerinde giň möçberli we işjeň hyzmatdaşlygyň bähbidine saýlanyp alnan ýoluň dogrudygy babatdaky ynamymyzy has-da berkidýär.

Sammite gatnaşanlaryň ählisini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň, olaryň öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikleri we täze belent sepgitlere ýetmegi arzuw edýärin.