mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen talyplary Tatarystanda geçirilen festiwalyň ýeňijisi boldular

view-icon 1185
Türkmen talyplary Tatarystanda geçirilen festiwalyň ýeňijisi boldular

Kazan (Wolgaboýy) Federal Uniwersitetinde (KFU-da) okaýan türkmen talyplaryndan ybarat topar Tatarystanda ýokary mekdepleriň arasynda geçirilen «Daşary ýurtly talyp güni» atly festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy habar berýär.

Türkmenistanly «Dostluk» tans topary «Halk tansy» ugry boýunça birinji orny eýeledi. Olar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» halk tansyny ýerine ýetirdiler. Topar Ýeňiji kubogyna we hormatly diploma mynasyp boldy.

KFU-nyň Ýelabuga institutynda okaýan türkmen talyplarynyň «Galkynyş» atly tans topary «Stilleşdirilen halk tansy» ugry boýunça üçünji orny eýeledi. Olar Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli döredilen «Aşgabat» aýdymyna türkmen tansyny ýerine ýetirdiler.

«Halk aýdymlary» ugry boýunça hormatly birinji orna Kazan Federal Uniwersitetiniň filologiýa we medeniýetler aragatnaşygy institutynyň 3-nji ýyl talyby Gylyjow Begenç mynasyp boldy. Onuň ýerine ýetiren «Yar ýüzüňden» atly türkmen aýdymy bäsleşigiň emin agzalaryny özüne bendi etdi.

Kazan (Wolgaboýy) Federal uniwersiteti Russiýanyň iň gadymy uniwersitetlerinden biridir. 2019-njy ýylda bu uniwersitet daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Russiýada ikinji ýokary okuw jaýy boldy.