Ï «Daýahatyn» kerwensaraýynda abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daýahatyn» kerwensaraýynda abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar

view-icon 5325
«Daýahatyn» kerwensaraýynda abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlatynyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasy esasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardamy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazykda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginiň çägindäki «Daýahatyn» kerwensaraýynda rejeleýiş, abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar. Ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Kerki şäherindäki «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghananyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýadygärlikde möwsümleýin rejeleýiş, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň birinji tapgyry 2015-2016-njy ýyllarda, ikinji tapgyry 2018-2019-njy ýyllarda geçirildi. Bu işleriň 3-nji tapgyrynyň güýzki möwsümi bolsa, şu ýylyň oktýabr aýynyň aýaklaryna tamamlandy we ol 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda dowam etdiriler.

Häzirki döwürde ýadygärligiň içki howlusynyň gündogar we günbatar däliziniň diwarlarynyň ýüzleri, oňa ýanaşyk gurlan otaglary, girelgesiniň daşky diwary öňki keşbinde dikeldildi. Bu tapgyryň çäginde kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafik ýazgylaryň ylmy esasda dikeldilip bolaýjak böleklerini rejelemek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, öz döwründe uly ähmiýete eýe bolan kerwensaraýlar barada giňişleýin ylmy maglumatlar berilýär. Bu ýoluň ugrunda gurlan ymaratlaryň, esasan-da kerwensaraýlaryň häzirki döwrümize gelip ýeten galyndylary taryhy genji-hazyna hasaplanylýar. Kerwensaraýlar söwda kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşmek bilen kerwenleriň oňat dynç almaklary we howpsuz, goragly ýagdaýda bolmaklary üçin niýetlenip gurlupdyr.

Kerwensaraýlar ululy-kiçili bolup, olar 100-den 1000 düýä çenli bolan kerwenleri kabul edip bilipdirler. Düýe sany 500-den geçenleri uly kewenler hasaplanypdyr. Şeýle uly hem-de ýerleşen ýeri boýunça aýratyn ähniýete eýe bolan kerwensaraýlaryň biri hem «Daýahatyn» kerwensaraýydyr. Orta asyrlara degişli bu desga biziň günlerimize özüniň asyl nusgasyny üýtgetmän gelip ýeten kerwensaraýlaryň biridir. Ýadygärlik IX asyryň başlarynda Tahiridler döwletiniň düýbini tutujy Tahyr ibn Huseýiniň buýrugy boýunça gurlupdyr we ilkibaşda arap harby berkitmesi bolupdyr. Ondan iki ýüz ýyl geçenden soň Beýik Seljuklar eýýamynda «Daýahatyn» kerwensaraýynyň içiniň merkezi bölegi döwrebaplaşdyrylypdyr. Onuň ýüzi şol döwrüň binagärlik däpleri esasynda bişen kerpiçler bilen täzeden bezelipdir. Kerwensaraý Amul şäherinden Amyderýanyň kenary bilen Köneürgenje gidilýän ýoluň ugrunda gurlupdyr we binagärler tarapyndan binanyň diwarlarynyň we gümmezleriniň ýüzi bişen kerpiçler bilen dürli geometrik şekiller esasynda örülipdir. Jaýyň içki we daşky diwarlarynda dürli kerpiç örümlerinde amaly-haşam sungatynyň çeper bezegleri giňden ulanylypdyr.

Bu ýadygärligiň ýene bir aýratynlygy girelgesiniň we däliziniň diwarlarynyň beýikligi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýada ýeke- täk duş gelýän ýadygärlik hasaplanylýar. Kerwensaraýyň girelgesiniň sag tarapynda ýörite metjit otagy ýerleşipdir. Daş töwereginde dürli senetkärleriň dukanlaryň we ussahanalaryň bolandygy çaklanylýar. Onuň daşky diwarlary gönüburçly, çig kerpiçden örülipdir, her burça çenli uzynlyk 100 metrden geçipdir. Kerwensaraýyň içki howlusynyň her tarapy 53 metre deň bolan inedördül görnüşindäki ymarat bolup, ol çig kerpiçden gurlupdyr. Kerwnsaraýyň Merw we Horezm taraplara çykalgalary bolupdyr. Merkezi kerwensaraýyň içki bölegi inedördül görnüşde bişen kerpiçden örülen, girelgäniň garşysynda myhman kabul edilýän jaýy we ululy-kiçili 23 sany otaglaryň üsti gümmezli we keşdeli diwarlary bolupdyr. Rabadyň daşky diwarlary IX-X asyrlarda dikeldilendigini barlaglar görkezýär. «Daýhatyn» kerwensaraýynyň binagärlik bezeg äheňi diňe Horezmde däl, eýsem seljuk usulyna hem gabat gelýändigini bilermenler belleýärler. Kerwensaraýyň daş ýüzi XII asyrda täze nagyşlar bilen bejerilipdir.

Gadymyýetiň gizlin syrlaryny goýnunda jemleýän, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde, ony nesillerimize ýetirmekde örän uly ähmiýete eýe bolan taryhy ýadygärliklerimiz bahasyna ýetip bolmajak ylmy hazynadyr.