Ï Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan 16 konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan 16 konsert

view-icon 4453
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan 16 konsert

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri Hallkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtyň talyplary üçin aýdym-sazly sowgat taýýarlady. Sazandalar we aýdymçylar Aşgabadyň ähli ýokary okuw jaýlarynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.

Bu taslama laýyklykda şu günki güne çenli 16 ýokary okuw mekdebiniň bäşisinde baýramçylyk konserti geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Maýkl Jeksonyň we “Queen” toparynyň repertuarlaryndan aýdymlary ýerine ýetirýän aýdymçy Döwran Şammyýewi, şeýle hem Antonio Wiwaldiniň “Möwsümlerinden” parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetiren skripkaçy Bahram Dolyýewi joşgunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konserwatoriýanyň “Toty çawuşy” aýdymynyň owsunlaýjy güýjüni saksafon bilen beýan edýän mugallym Kakajan Hudaýberdiýewiň çykyşy-da tomaşaçylary biperwaý goýmady.

Okuw jaýlarynyň hünär ugruna garamazdan, ýaşlar sazandalary höwes bilen kabul edýärler. Konsertiň meýilnamasy onuň her sany öz janköýerlerini tapar ýaly düzülipdir. Konsertde Muslim Magomaýewiň repertuaryndan “Noktýurn” we Myrat Sadykowyň her konsertinde ýaňlanan “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirdiler. Konsert Baýram Hudaýnazarowyň watançylyk temasyndan “Bitaraplyk” aýdymy bilen tamamlandy.

“Aslynda, “Bitaraplyk” aýdymy bizi paýtagtymyzyň ähli ýokary mekdeplerinde konsert bermek taslamasyna iterdi” diýip, Tahyr Ataýew bilen eden söhbetdeşligimizde aýtdy. “Eýsem, häzirki zaman estrada sazyna ýaşlardan başga kim şeýle hormat bilen çemeleşer? Şonuň üçin her ýerde bize işimizde ylham berýän tomaşaçylaryň alkyşlaryny alýarys. Mansur Şarypow, Humaý Kakaýewa, Täzegül Baýramowa ýaly täze aýdymçylar üçin talyplaryň öňünde çykyş etmek – çeperçilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem tomaşaçylar bilen aragatnaşyk saklamagyň oňat tejribesidir. Başgaça aýdylanda, sahnadaky we zaldaky ýaşlar özara düşünişme nokatlaryny tapýarlar.

Geljek üçin meýilnamalar? Elbetde bar. Döredijiligimiziň muşdaklary üçin Täze ýyla baýramçylyk programmasyny taýýarlaýarys. Bu-da gaty gyzykly taslama.